ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasy media hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär

ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasy media hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär

Aşgabatdaky Bouygues Turkmen okuw merkezinde aprel aýynyň 29-yndan maý aýynyň 6-syna çenli döwrebap kontent döretmek hem-de redaksiýa we döredijilik işinde öňdebaryjy sanly gurallary, şol sanda emeli aňy ulanmaga bagyşlanan birnäçe iş maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ýewropa Bileleşiginiň we CARAVAN media taslamasynyň goldawynda guralan bu çäreler žurnalistler, degişli uniwersitetleriň mugallymlary we talyplary üçin möhüm bilim meýdançasyna öwrüldi. Çäräniň açylyşynda ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň başlygynyň orunbasary Maçeý Madalinski şeýle diýdi: Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär.

Biziň sebitleýin strategiýamyz möhüm maglumat aspektini öz içine alýar.Daşarky syýasatymyzyň çäklerinde biz media sowatlylygy işjeň öňe sürýäris we deňagramly media gurşawynyň kemala gelmegine goldaw berýäris.Maçeý Madalinskiniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda emeli aň maglumatlary taýýarlamak we ýaýratmak usullarynda düýpli üýtgeşmeleri döredýär.

Sosial ulgamlaryň algoritmleri köpçülik tarapyndan özleşdiriliş derejesini kesgitleýär, žurnalistika bilen raýat mazmunynyň arasyndaky araçäkler bolsa ýitip gidýär.Bu diňe bir täze mümkinçilikleri döretmän, eýsem awtorlara aýratyn jogapkärçilik hem ýükleýär.

Okuw maksatnamasy hut şu kynçylyklara gönükdirildi.Okuwlary baý hünär tejribesine eýe bolan Gazagystanyň bilermenleri Gülim Amirhanowa we Aýganym Amirbekowa geçirdiler.Bu sapaklar Aşgabatda geçirilýän CARAVAN media taslamasynyň ikinji tapgyrydyr. 2025-nji ýylyň güýzünde bu ýerde emeli aňyň integrasiýasyna we media sowatlylygyň esaslaryna bagyşlanan iş maslahatynyň geçirilendigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞDY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
Eýran premýer-ministrler derejesinde Hazarýaka döwletleriniň üçünji ykdysady maslahatyny geçirmekçi
Eýranyň Prezidenti sapar bilen Aşgabada geler
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysyny kabul etdi
Milli Türgen Ýewropanyň Çempiony Boldy