Rus Ýük Gämisi Batdy

Rus Ýük Gämisi Batdy

Russiýa degişli ýük gämisi Ortaýer deňizinde batdy, 2 ekipažy dereksiz ýitdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýannamada, “Ursa Mažor” atly ýük gämisiniň Ortaýer deňizinde İspaniýa bilen Alžiriň arasynda batandygy nygtaldy.

Beýannamada, gämide bolan partalamadan soň gäminiň batandygy 16 adamlyk ekipaždan 14-niň İspaniýa tarapyndan halas edilendigi bellenildi.

Ýiten 2 adamyň tapylmagy üçin gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Ursa Mažor atly ýük gämisiniň 11-nji dekabrda Russiýanyň San Peterburg şäherinden Wladiwostok şäherine gitmek üçin ýola çykandygy bellenildi.

Ýük gämisi portuň gurluşygynda ulanyljak awtokranlary alyp barýardy.

Ýene degişli makalalar

Ortaýer deňzinde batan rus ýük gämisine garşy terrorçylykly hüjüm guraldy
Energiýada Täze Ugur: Ortaýer Deňizi
Suwuklandyrlan Tebigi Gaz Gämisi Izmire Geler
Wagt olara täsir etmeýär
Köneürgenç Merkezi Aziýanyň derwezesi
“1974-nji Ýylyň 20-nji Iýuly, Kipr Türkü Üçin Şanly Gün”