Russiýa-Afrika sammiti geçirildi

27-28-nji iýulda Russiýanyň demirgazyk paýtagty Sankt-Peterburgda geçirilen Russiýa-Afrika sammitine 17 döwlet Baştutanyny, şol sanda Afrika yklymyndan 49 wekiliýet gatnaşdy.

Maslahatda Russiýanyň Prezidenti Afrika yklymynyň alty ýurduna – Burkina Faso, Zimbabwe, Mali, Somali, Merkezi Afrika Respublikasy we Eritreýa 25-den 50 müň tonna çenli mugt galla ugratmaga söz berdi.

Sammit bilen bir hatarda, ykdysady we gumanitar forum geçirildi. “Roskongress” gaznasy tarapyndan guralan bu syýasy çäre “Expoforum” kongres-sergi merkezinde ýokary derejede geçirildi. Sammitiň barşynda galla şertnamasy we beýleki ykdysady möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň ýaly ilkinji sammit 2019-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Soçide “Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş üçin” şygary bilen geçirildi. Şol wagt bu çärä Afrika ýurtlarynyň 54-siniň resmi wekilleri gatnaşyp, olaryň 45-si döwlet we hökümet baştutanlarydy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
BMG: azyk howpsuzlygy bilen bagly ýagdaý 20-den gowrak ýurtda ýitileşip biler
Russiýa Afrika Ýurtlaryna Muzdsuz Galla Berdi
Ýewraziýa Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Burkina-Fasoda Guralan Hüjümde 33 Esger Ýogaldy
"Efes-2022" harby türgenleşigi Prezident Erdoganyň gatnaşmagynda başlady