Ýewraziýa Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar

Ýewraziýa Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar

Hepdelik tapgýrlaýýn gepleşigimiziň nobatdaký sanýnda Ýewraziýa döwletleriň gün tertibindäki wakalar hakynda durup geçmek isleýäris.

Geçen hepde Russiýa Federasiýasynda möhüm ähmiýetli sammitlerden biri geçirildi we Ýewraziýa döwletlerinde üns çekiji saparlar guraldy. Geliň olara nobaty bilen ser salalyň.

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili iýul aýynyň 23-24-i aralygynda Horwatiýa Respublikasyna resmi sapar gurady. Premýer-ministr Garibaşwili paýtagt Zagrebde Horwatiýanyň Premýer-ministri Andreý Plenkowij bilen duşuşdy. Plenkowij Gruziýanyň ÝB-ne agzalygyny goldaýandyklaryny beýan etdi. Gruziýanyň Premýer-ministri Zagrepde ýurdunyň ilçihanasynyň binasyny açdy.

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili 27-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny gurady. Garibaşwili 28-nji iýulda Hytaýyň döwlet Başlygy Si Sizinpin bilen duşuşdy. Duşuşykda iki ýurduň gatnaşyklarynyň strategik derejä göterilendigi nygtaldy. Premýer-ministr Garibaşwili Çengdu şäherinde geçirilen XXXY Bütindünýä uniwersiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

2023-nji ýylyň 25-nji iýulynda Mowkwada Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary işler ministrleri Garabag meselesi boýunça üçtaraplaýyn maslahat geçirdi. Azerbaýjanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleri mundan ozal iýun aýynyň 27-29-y aralygynda ABŞ-da duşuşypdy.

2023-nji ýylyň 26-njy iýulynda Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri onlaýn formatda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdiler. Duşuşyk awgust aýynyň başynda Türkmenistanda geçiriljek adybir ýurtlaryň prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammiti hakynda pikir alyşyldy.

2023-nji ýylyň 26-njy iýulynda Çolpon Ata şäherinde Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri Akylbek Japarow Azerbaýjanyň premýer-ministriniň orunbasary Ali Ahmedow bilen duşuşdy. Çolpon Atada 5-nji Gyrgyz-Azerbaýjan hökümetara ykdysady-jemgyýetçilik hyzmatdaşlyk toparynyň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Şol gün Gyrgyz-Azerbaýjan İşewürler maslahaty guraldy.

2023-nji ýylyň 27-nji iýulynda Gyrgyzstanda 7-nji Yssyk Köl 2023 Halkara ykdysadyýet forumy geçirildi. Maslahata 400-den gowrak wekil gatnaşdy. Maslahatyň çäginde jemi gymmaty 2,5 milliard dollarlyk 10 ylalaşyga gol çekişilendigi beýan edildi.

2023-nji ýylyň 27-28-nji iýuly aralygynda 2-nji Russiýa-Afrika Sammiti we Ykdysady hem-de Ynsanpewer Maslahaty Sankt Peterburg şäherinde geçirildi.Sammite Afrika materiginiň 54 ýurdundan wekilleriň gatnaşandygy habar berildi.

Sammitde çykyş eden Wladimir Putin Burkino Faso, Zimbabwä, Mali Respublikasyna, Somala, Merkezi Afrika Respublikasyna we Eriträ 25-50 müň tonna muzdsuz galla berjekdiklerini beýan etdi.Russiýa-Afrika Hyzmatdaşlyk Forumynyň Başlygy, Ilçi Oleg Ozerow Russiýa Federasiýasy tarapyndan 1990-njy ýyllarda ýapylan Afrikadaky ilçihanalaryň gaýtadan açyljakdygyny mälim etdi.

Afrika liderleriniň sammitiň çäginde Russiýa bilen Ukrainany barlyşdyrma maksatnamasy kagyz ýüzünde galdy.

Azerbaýjanyň we Özbegistanyň goşunlarynyň iýul aýynyň ahyrynda Özbegistandaky Çirçik şäherinde bilelikdäki harby türgenşik geçirendigi habar berildi. Stambulda geçirilen 16-njy İDEF-23 Goranyş senagaty sergisiniň çäginde Azerbaýjanyň Goranmak ministri Türk Awiasiýa we Kosmos Senagaty (TUSAŞ) firmasy bilen Su-25 uçarynyň döwrebaplaşdyrylmagy hakynda hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy. TUSAŞ şeýle hem “ANKA” uçarmansyz howa ulagynyň Gazagystanda synagdan geçirilmäge başlanandygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Gruziýanyň Premýer-ministri iş başyndan gidýändigini yglan etdi
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Gruziýada Saparda Bolýar
Gruziýanyň jahankeşdelik pudagy girdejisini artdyrdy
Gruziýa jahankeşdeligi ösdürmäge bäş ýylda milliard lari goýbermekçi
Geçen hepde Türki döwletlerde möhüm saparlar guraldy we duşuşyklar geçirildi
Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar