Russiýa Bilen Ukraina Asuda Ilatyň Göçürilmegi Meselesinde Ylalaşyk Gazandy

Russiýa Bilen Ukraina Asuda Ilatyň Göçürilmegi Meselesinde Ylalaşyk Gazandy

Russiýanyň Ukraina guran hüjümleriniň 8-nji gününde taraplaryň arasyndaky gepleşikleriň ikinjisi Belarusyň Brest şäherinde geçirildi.

Gepleşiklerde Russiýanyň wekiliýetine döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň kömekçisi Wladimir Medinskiý, Ukrainanyn wekiliýetine bolsa Ukrainanyň Prezidentiniň Iş dolandyryjysynyň orunbasary Mihail Podolýak ýolbaşçylyk etdi.

Ukrainanyn wekili gepleşikleriň üçünji tapgyrynyň gysga wagtda geçirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanylandygyny belledi.

Iki tarapyň asuda ilatyň göçürilmegi we halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin amatly şertiň döredilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandygy nygtaldy.

Ylalaşyga laýyklykda asuda ilat göçürülýän pursatlarynda hüjümler wagtlaýyn bes ediler.

Russiýanyň we Ukrainanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilýän gepleşikleriň birinji tapgyry 28-nji fewralda Belarusyň Ukraina serhedindäki Gomel şäherinde geçirlipdi.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa-Ukraina Gepleşikleriniň Ikinji Tapgyry Başlady
Arkadalyşygyň oýunlarynyň sport maksatnamasy tassyklanyldy
Türkmenistan Belarus Respublikasy bilen sport boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirer
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Ýetginjekleriň we gyzlaryň 200-e golaýy ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde Belarusyň, Rumyniýanyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girdiler
Belarus mediasy: türkmen studentleri kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak üçin söwda nokatlarynyň kassalaryna üýşýär