Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda ýesirleriň alyş-çalşygy amala aşyryldy

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda ýesirleriň alyş-çalşygy amala aşyryldy

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, gepleşikleriň netijesinde ýesir alynan, janlary howp astynda bolan 90 rus esgeriň resmi Kiýewiň gözegçiligindäki territoriýadan gaýdyp gelendigi habar berildi.

Azat edilen esgerleriň bejergileri we reabilitasiýalary üçin Russiýanyň Harby-howa güýçlerine degişli uçar bilen paýtagt Moskwa geçiriljekdigi bellenen beýanatda, esgerlere gerek bolan psihologiki we lukmançylyk kömeginiň beriljekdigi mälim edildi.

Ukrainanyň Döwlet baştutanynyň ofisiniň başlygy Andreý Ýermak hem Telegram hasabyndan beren beýanatynda: "Ýene-de bir ýesir alyş-çalşygy ýerine ýetirildi. 4-si zenan bolan jemi 130 esgerimizi yzyna getirmegiň hötdesinden geldik" diýip habar berdi.

87-siniň Mariupolda ýesir alynan esgerlerden ybaratdygyny aýdan Ýermak, 35 esgeri hem Bahmut we Soledar sebitlerinden yzyna getirendiklerini belläp: "Şu gün yzyna getiren esgerlerimiziň aglabasy agyr ýaraly ýagdaýda. Döwlet baştutanymyz Wladimir Zelenskiýniň belleýşi ýay döwlet olaryň her biri bilen gyzyklanmaly. Gahrymanlarymyzyň her biri döwletiň özüne ähmiýet berýändigini duýmaly" diýip aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
“Bizi we Döwletimizi Goraýandygyňyz Üçin Size Sagbolsun Aýdýaryn”
Mariupolda Asuda Ilatdan 70 Adamyň Jesedi Tapyldy
Russiýa Harby Däl Gämileriň Çykyş Üçin Ynsanperwer Geçelge Açýar
Russiýa: "Azowstal metallurgiýa zawody boşadyldy" diýdi
Russiýa-Ukraina Gepleşikleri Saklandy