Russiýa-Ukraina Gepleşikleri Saklandy

Russiýa-Ukraina Gepleşikleri Saklandy

Mihail Podolýak, 24-nji fewralda başlan söweşden bäri Ukrainadaky ýagdaýyň üýtgändigini nygtady.

Ukrananyň Prezidentiniň Iş Dolandyryjysy Mihail Podolýak, ýurdu bilen Russiýanyň arasynda geçirilýän toparara gepleşik etabynyň saklanandygyny aýtdy.

Mihail Podolýak, 24-nji fewralda başlan söweşden bäri Ukrainadaky ýagdaýyň üýtgändigini nygtady.

“Rus hökümetiniň muňa henizem göz ýetirip bilmändigini” ýatladan Podolýak, Russiýanyň özgerlişiklere üns bermändigi sebäpli Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky söweşiň bes edilmegini maksat edinýän toparara gepleşik etabynyň saklanandygyny ýatlatdy.

Podolýak “Gepleşik etaby, Ukrainadaky wakalara bagly. Gepleşik etaby Stambul jarnamasyndan soň hiç hili öňe gidişlik edilmändigi sebäpli saklandy. Russiýa söweşiň 82-nji gününe gelinendigini we Ukrainadaky ýagdaýyň başyndan bäri isleýişleri ýaly bolmandygyna göz ýetirip bilmeýär. Emma ýene-de söweş gepleşikler netijesinde bes ediler” diýip belledi.

Russiýanyň we Ukrainanyn wekiliýetleri, hüjümleriň bes edilmegi üçin Belarusda 3 gezek, Türkiýede bolsa Stambul şäherinde 1 gezek gepleşik geçiripdi.

29-njy martda Stambulda geçirlen gepleşiklerde söweşiň bes edilmegi meselesinde öňe gidişlik edilipdi.

Emma,ÝB, Ukraina 9 milliard ýewrolyk goşmaça maliýe kömegini bermek üçin taýarlyk görýär.

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde metbugata beren beýannamasynda, Ukraina goşmaça maliýe kömeginiň beriljekdigini nygtady.

“Ukraina, frontda Ýewropanyň gymmatlyklaryny goraýar” diýen Laýen, Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdiklerini ýatlatdy.

Laýen, “Ukraina üçin 2022-nji ýylda 9 milliard ýewrolyk täze kömegiň berilmegini teklip edýäris” diýdi.

Ady agzalýan kömegiň Ukraina berilmegi üçin bu teklip Ýewropa Parlamenti we Ýewropa Geňeşi tarapyndan tassyklanmaly.

Şeýlede,Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Fransiýa tarapyndan berlen beýannama görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde, Ukraina ynsanperwer we ýarag kömeginiň berilmegi bilen birlikde ÝB-ne agzalyk etaby hakynda pikir alyşdy.

Makron, Wladimir Zelenskiden, Mariupol şäherindäki soňky ýagdaý we göçürilşik işleri hakynda maglumat aldy.

Emmanuel Makron ýurdunyň goranyş enjamlary, ýangyç, ynsanperwer kömegi bilen birlikde maliýe taýdan Ukraina doly goldaw bermäge dowam etjekdiklerine ünsi çekdi.

Makron bilen Zelenskiý “azyk howpsyzlygy” meselesi we şol çäkde galla önümleriniň Ukrainadan eksport edilmäge başlanmagy meselesi hakynda hem pikir alyşdy.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, ýurdunyň Ukrainanyň bitewiligine we özygtyýarlygyna goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Telefon arkaly söhbetdeşlik
ÝÖB-niň başlygy Türkmenistanyň banka agza bolmagyna umyt edýär
Ukrainanyň Prezidenti Eýran bilen bagly beýannama berdi
Rolan Garros — 2023: zenanlaryň arasynda ilkinji sensasiýa hasaba alyndy
Russiýa-Ukraina söweşi dowam edýär
Senagat plastigiň plastik poddonlary ulanyşda ýokary aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar