Röwşen HK-nyň önümleri russiýaly alyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanýar

Röwşen HK-nyň önümleri russiýaly alyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanýar

Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanýan meşhur Röwşen türkmen haryt nyşanynyň aýakgaplary daşarky bazarda işjeň ýagdaýda giň gerim alýar. Geçen ýyl Russiýada Röwşen HK-nyň şahamçasy açyldy. Şol günden başlap, kärhananyň önümleri her ýyl Moskwada geçirilýän iri aýakgap sergilerine gatnaşýar, şolaryň hatarynda Moskwanyň Sergiler merkezindäki MosŞuz we Deri dünýäsi (Mir koži) sergileri bardyr.

Röwşeniň hakyky deriden öndürilen ýokary hilli, rahat we arzan aýakgaplar russiýaly alyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanmagyny dowam etdirýär. Kärhananyň önümlerini Russiýanyň OZON, Lamoda we beýleki iri söwda platformalarynda satyn almak mümkindir. Şeýle hem Podmoskowýede Röwşeniň önümlerini satyn almak üçin oflaýn-dükan açyldy. Russiýada her gün Röwşeniň müň jübütden gowrak aýakgaby satylýar.

Röwşen Russiýanyň sarp ediş bazaryndaky ornuny giňeltmegi maksat edinýär. Mundan başga-da, hususy kärhana ýakyn wagtda EuroShoes halkara sergisine gatnaşar we onda Güýz-Gyş 2024 möwsümine degişli deriden taýýarlanan erkek we zenan aýakgaplarynyň täze toplumyny tanyşdyrar.

Moskwa oblastyndaky Röwşen dükanynyň salgysy: Leninskiý şäher okrugy, Meşerino şäherçesi, A-105 awtoulag ýolunyň çäkleri, 31-nji km, 6-njy bina.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Röwşen kärhanasy TSTB-niň sergisine gatnaşýar
Türkmen aýakgap öndürijisi Röwşen Aşgabatdaky sergä gatnaşmaga çagyrýar
Sahatow we Orusow ýitirim boldy. Olaryň aklawçysy we Sahatowyň aýaly türk häkimiýetlerine ýüz tutdy
Röwşen aýakgaplary Gurban baýramy mynasybetli 10% arzanladyş yglan edýär
Röwşen aýakgaplary indi Berkarar we Gülzemin söwda-dynç alyş merkezlerindäki Maraton dükanlarynda hödürlenýär
Türkmenistanyň futzal çempionatynda ikinji aýlawyň duşuşyklary tamamlandy
Türkiye bilen Azerbaýjanyň arasyndaky tebigy gaz üpjünçilik ylalaşygynyň möhledi uzadyldy