Russiýa Russiýa—Yslam dünýäsi halkara ykdysady forumynda Türkmenistan bilen birnäçe ylalaşyk baglaşar

Russiýa Russiýa—Yslam dünýäsi halkara ykdysady forumynda Türkmenistan bilen birnäçe ylalaşyk baglaşar

Russiýanyň hökümeti Kazanda geçiriljek Russiýa — Yslam dünýäsi halkara ykdysady forumynyň çäginde demirýol we ulag gurluşyk meýilnamalaryny Türkmenistan bilen sinhronlamak baradaky ylalaşyklara gol çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada Russiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnulliniň sözlerine salgylanyp, TASS habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, Gazagystana, Türkmenistana, Eýrana, Hindistana geçelgeler möhüm bolmagynda galýar. Kazanda geçiriljek sammitde Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Hindistanyň arasynda demir ýol we ulag gurluşyk meýilnamalaryny sinhronlamak barada şertnamalara gol çekişmek meýilleşdirilýär.

Ýeri gelende bellesek, Russiýa — Yslam dünýäsi halkara ykdysady forumy 2023-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde geçiriler.

Ozal Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin Aşgabat şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda türkmenistanly işewürlerini bu foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2025” XVI HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
BMG-niň Baş sekretary ösüp barýan ýurtlara syýasatda ýeterlik ses berilmeýändigini aýtdy
Russiýanyň Döwlet Dumasy teklip edilen wise-premýerleri makullady
12-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Gazagystanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde taryhy eserler tapyldy
Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howpsuzlygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
Röwşen aýakgaplary güýz-gyş möwsümi üçin aýakgaplaryň täze toplumyny hödürleýär