Russiýanyň Döwlet Dumasy teklip edilen wise-premýerleri makullady

Russiýanyň Döwlet Dumasy teklip edilen wise-premýerleri makullady

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň 13-nji maýda geçen ýygnagynda ýurduň hökümet başlygy Mihail Mişustin tarapyndan teklip edilen wise-premýerleriň kandidaturalaryna garaldy.

Deputatlar Mişustin tarapyndan teklip edilen birinji orunbasaryň wezipesine Denis Manturowy tassyklady, onuň üçin deputatlaryň 431-si ses berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar. Manturow şeýle-de senagata gözegçiligi dowam eder.

Premýer-ministriň beýleki täze orunbasarlary Aleksandr Nowak, Dmitriý Patruşow, Dmitriý Grigorenko, Marat Husnullin, Aleksandr Owerçuk, Tatýana Golikowa, Dmitriý Çernyşenko, Witaliý Sawelýew dagylardyr.

Ýurduň öňki goranmak ministri Sergeý Şoýgu Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň orunbasary wezipesine bellendi, onuň ýerine öň Hökümetde wise-premýeriň wezipesini eýelän Andreý Belousow bellendi.

Şu gün, 14-nji maýda Döwlet Dumasynda ýurduň täze ministleriniň kandidaturalaryna garalar diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

HRW: ABŞ-Merkezi Aziýa sammitinde sebitdäki repressiýa meselesi gozgalmaly
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Wekiliýeti Türkmenistanda Saparda Boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi
Türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
Serdar Berdimuhamedow ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi