HRW: ABŞ-Merkezi Aziýa sammitinde sebitdäki repressiýa meselesi gozgalmaly

HRW: ABŞ-Merkezi Aziýa sammitinde sebitdäki repressiýa meselesi gozgalmaly

6-njy noýabrda Waşingtonda geçiriljek Merkezi Aziýa-ABŞ sammitine gatnaşýan Merkezi Aziýa hökümetleri adam hukuklary meselelerini ileri tutmalydyrlar diýip, Human Rights Watch (HRW) guramasy 3-nji noýabrda çap eden metbugat beýanatynda aýtdy. Duşuşyk sebitdäki bäş ýurduň hemmesinde repressiýalaryň, metbugata basyşlaryň we hökümet tankytçylaryna gysyşyň artmagynyň fonunda geçiriler.

Sammit ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň gatnaşmagynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidentlerini bir ýere jemleýän C5+1 formatynda geçiriler. HRW sebitdäki ýurtlaryň oppozisiýany, aktiwistleri we žurnalistleri yzarlamak üçin "ekstremizm" we "howpsuzlyk" kanunlaryny barha köp ulanýandygyny belleýär.

Guramanyň belleýşi ýaly, Gazagystanda häkimiýetler ýygnanyşyk we söz azatlygyny çäklendirmegini dowam etdirýärler. Oppozisiýa syýasatçysy Marat Žylanbaýew we žurnalist Duman Muhammadkarim "ekstremist işjeňligi maliýeleşdirmekde" aýyplanyp, ýedi ýyl türme tussaglygyny çekýärler.

Gyrgyzystanda hökümet metbugata we raýat jemgyýetine gözegçiligi güýçlendirýär we 2025-nji ýylda Gynamalaryň öňüni almak boýunça Milli merkezi ýapdy.

HRW-nyň maglumatlaryna görä, Täjigistanda garaşsyz metbugata we hökümete degişli däl guramalara basyş dowam edýär, onlarça blogger we žurnalist uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi. 20212022-nji ýyllarda Daglyk-Badahşan awtonom sebitinde protestleriň basylyp ýatyrylmagyndan soň, azyndan bäş pamirli tussag türmede öldi.

Häkimiýetler tarapyndan howp hasaplanýan birnäçe syýasy hereket we partiýa, şol sanda Täjigistanyň Yslam Galkynyş Partiýasy (IRPT) we "Topar-24" gadagan bolmagyna galýar, olaryň agzalarynyň köpüsi uzak möhletli türme tussaglygyny çekýär.

HRW guramasy Türkmenistany dünýäde iň repressiw ýurtlaryň biri diýip atlandyrdy we bu ýerde syýahat gadaganlyklary dowam edýär, internet blokirlenýär we žurnalistleriň garyndaşlary yzarlamalara sezewar edilýär diýip, belledi.

Özbegistanda häkimiýetler bloggerlere we aktiwistlere basyşy artdyrdylar, olaryň käbiri zor bilen psihiatriýa hassahanalaryna ýerleşdirildi diýip, adam hukuklaryny goraýan gurama belleýär.

Şeýle-de, HRW Donald Trampyň administrasiýasynyň söz azatlygy çäklendirilip, migrantlara hem-de aktiwistlere basyş edilýän wagtynda öz adam hukuklary syýasatyny gaýtadan gözden geçirmeli we hukuklary hem-de azatlyklary goramagy Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň esasy elementine öwürmeli diýip, nygtaýar.

“Merkezi Aziýadaky ykdysady we sosial özgertmeler goldawa mynasypdyr, ýöne olar adam hukuklaryna we kanunyň hökmürowanlygyna hormat goýmaga esaslanmalydyr” diýip, HRW-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Hýu Williamson aýtdy.

“Diňe şonda sebitde ýaşaýan 82 million adam öz liderleriniň Waşingtonda gepleşik geçirýän ylalaşyklaryndan hakykatdanam peýdalanyp bilerler” diýip, Williamsoň belleýär.

6-njy noýabrda Waşingtonda geçiriljek “C5+1” formatyndaky sammite Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri we ABŞ-nyň prezidenti gatnaşar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Trampyň Merkezi Aziýa liderleri bilen duşuşygyndan näme garaşmaly?
Gruziýanyň Prezidenti Parlament saýlawynyň netijesini kabul etmejekdigini beýan etdi
Balkanlylaryň käbiri prezidentiň ABŞ saparyndan 'özgerişe' garaşsa, ýene bir bölegi 'umyt ýok' diýýär
Bilermenler iň meşhur el telefonlaryny saýladylar
Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar
“Oppo”-nyň täze enjamlary