Türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

30-njy ýanwarda paýtagtymyzda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerindäki gatnaşyklar, kanun çykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, şol sanda parlament ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada saparynyň hem-de häzirki duşuşygyň bu işlere oňyn itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň ygtyýarlyk möhletleri şu ýylyň martynda tamamlanýar. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy rus parlamentarilerini ýurdumyzda geçiriljek nobatdaky parlament saýlawlaryna halkara synçy hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Döwlet Dumasynyň Türkmenistanda geçiriljek saýlawlara öz wekilleriniň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Soňra Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş etdi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ARASYNDAKY PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR TÄZE DEREJÄ ÇYKÝAR
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Wekiliýeti Türkmenistanda Saparda Boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistan bilen Russiýa bilelikde sanly parlament kitaphanasyny dörederler