Serdar Berdimuhamedow ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi

Serdar Berdimuhamedow ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle-de resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentde şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler hem-de Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, ýanwar aýynda Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň üçüsi we Mejlisiň kararlarynyň ikisi kabul edildi. Öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, ýakynda Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen duşuşyk we onuň netijeleri barada hem aýdyldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň ilkinji aýynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabatlary berdiler.

Mejlisde bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Ýanwar aýynda öndürilen önümleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5,8 göterim köpeldi.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýanwar aýynyň deslapky netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterime deň bolandygyny, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny aýtdy.

Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar hem kabul edildi we başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, döwlet Baştutany mejlisi jemledi.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň wekiliýeti resmi sapar bilen Aşgabada geldi
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi
Rus Dumasynyň başlygy türkmen Mejlisinde çykyş etdi, özara gatnaşyklary taryplady
Wýaçeslaw Wolodin Aşgabada geldi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Tähranda Azerbaýjanyň ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgardy, Türkmenistan we Germaniýa Aşgabatda syýasy geňeşmeler geçirdi we beýleki habarlar
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary