Russiýa Hazar bäşligi ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär

Russiýa Hazar bäşligi ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär

Şu ýyl Hazar bäşligi ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň (Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan, Eýran) duşuşygynyň Russiýada geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Trend Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa salgylanyp habar berdi.

Lawrow Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda: Hazar bäşliginiň daşary işler ministrleriniň yzygiderli duşuşyklary sebitdäki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga goşant goşar. Şu ýyl bu duşuşygyň Russiýa Federasiýasynda geçirilmegini meýilleşdirýäris diýdi.

Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Hazar sebitindäki esasy wezipeleriň VI Hazar sammiti we II Hazar ykdysady forumynyň netijesinde düzülen şertnamalary we başlangyçlary ýerine ýetirmekden ybaratdygyny aýtdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Hazarýaka döwletleriniň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirmäge bil baglaýandygyny aýtdy. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylda Türkmenistanda şuňa meňzeş konferensiýa geçirmek baradaky teklibini goldaýandygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdiler
Türki dilli döwletlerde başdan geçirlen möhüm wakalar
Serdar Berdimuhamedow ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy bilen duşuşdy
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary