Russiýa: "Semenowka şäherçesine gözegçilik astyna aldyk" diýdi

Russiýa: "Semenowka şäherçesine gözegçilik astyna aldyk" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, rus harby güýçleriniň Russiýa-Ukraina urşundaky hereketleri barada maglumat berildi.

Rus goşunynyň Ukrainada uruşmaga dowam edýändigi bellenen beýanatda: "Merkezi harby güýçlere degişli birikmeler Donetsk halk respublikasynyň Semenowka ýaşaýyş zolagyny azat etdi" diýip aýdylýar.

Soňky 24 sagatda Ukrainanyň goşunyna degişli uçarmansyz howa ulaglarynyň gurnama işleriniň geçirlýän merkeziň we 22 sany uçarmansyz howa ulagynyň hatardan çykarylandygy bellenen beýanatda: "Harby operasiýanyň başlangyjyndan bäri Ukrainanyň goşunyna degişli 593 uçar, 270 dikuçar, 23 müň 609 uçarmansyz howa ulagy, 509 howa goranyş raketa ulgamy, 15 müň 880 tank we sowutly ulag, 1275 köp nilli raketa ulgamy, 9 müň 209 gaubisa we minomýot, 21 müň 387 ýörite harby ulag ýok edildi" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Gazaklaryň tanymal şahyry we pikirzadasy Abaý Kunanbaý
Lebap sement zawodynyň önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär
Ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy
Akim Mogaji Aşgabatda sanly köp platformaly media boýunça ÝUNISEF-iň seminaryny geçirer
Baharyň on ýedi pursady 50 ýaşady
Alaý Merw billen boljak duşuşyk üçin özbegistanly hüjümçileriň ikisi bilen şertnama baglaşdy