Russiýa Türkmenistanyň üstünden Hindistana barjak konteýner otlusyny ugratdy

Russiýa Türkmenistanyň üstünden Hindistana barjak konteýner otlusyny ugratdy

Russiýanyň RŽD açyk paýdarlar jemgyýetiniň düzümine girýän RŽD Logistika paýdarlar jemgyýeti Russiýadan Hindistana doly düzümli konteýner otlusyny ugratdy. RŽD-niň saýtyna salgylanýan INTERFAX.RU-nyň ýazmagyna görä, otly ilkinji gezek Demirgazyk-Gündogar guryýer ugrunyň gündogar şahasy boýunça Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň üstünden geçer.

Ilkinji otly düzümi Moskwanyň etegindäki Çehow otly menzilinden badalga aldy.Ahyrky barmaly nokady - Nawa-Şewa deňiz gämi duralgasy (Mumbaý, Hindistan).Daşaýyş intermodal bolar: ýoluň bir bölegi deňziň üstünden geçer.

Ugruň uzynlygy 8 müň km-dan geçýär, şol ýoly çen bilen 35-37 günde geçiler.Ugur rus eksportçylaryna haryt ýerleýän bazarlaryny diňe bir Hindistanda, Pars aýlagynyň ýurtlarynda däl, eýsem, Afrikada-da giňeltmäge mümkinçilik berer diýip, RŽD-niň saýtynda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

RŽD Russiýa-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Hindistan ugry boýunça demirýol konteýner hyzmatyny ýola goýdy
Ilkinji Russiýa-Hindistan ýük otlusy Türkmenistandan geçdi
Wladimir Putin: Türkmenistan Demirgazyk-Günorta ugruna gyzyklanma bildirýär
11-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Bolliwud täze filmlerini kinoteatrlara goýberýär
Meşhur hindi aktýory Taýger Şroff özüniň türkmen kökleri barada gürrüň berdi