Jeff Bezos dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orny ýitirdi

Jeff Bezos dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orny ýitirdi

Amazon-yň baş ýerine ýetiriji müdiri Jeff Bezos dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orundan gysylyp çykaryldy. Bu orny hindistanly magnat Gautam Adani eýeledi diýip, Bloomberg habar berýär. Muny incrussia.ru ýetirýär. 2022-nji ýylda Adaniniň baýlygy reýtinge beýleki gatnaşyjylara garanyňda has artdy. Öz gezeginde, Amazon-yň paýnamalary birden arzanlady.

Bir ýyl mundan ozal Bloomberg-iň milliarderler indeksinde 14-nji orny eýelän Adani häzir 146,8 mlrd dollar baýlyga eýedir.Baýlygynyň göwrümi boýunça ol diňe Tesla bilen SpaceX kompaniýalarynyň baş ýerine ýetiriji müdiri Ilon Maskdan yza galýar.

Ilon Maskyň baýlygy 263,9 mlrd dollara barabar.Adani Enterprises flagman kompaniýasynyň paýnamalary şu ýyl rekord derejede ýokarlandy, toparyň käbir kärhanalarynyň gymmatly kagyzlary bolsa 2020-nji ýyldan bäri 1000%-den gowrak ýokarlandy.

Bezos Adaniden 19 mln dollar yza galýar.Reýtingdäki üýtgeşme wagtlaýyn hadysa bolup, köp ýagdaýda Amazon-yň paýnamalaryna baglydyr.Onuň paýnamalarynyň bahasy 2022-nji ýylda 26% pese gaçdy.

Bloomberg ilkinji gezek Aziýadan telekeçiniň dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda şeýle ýokary orny eýeländigini belleýär.Köplenç, reýtingde amerikaly telekeçiler öňdäki orunlarda ýerleşýärler.Häzir Adani 60 ýaşynda. Ýaş wagty ol 1980-nji ýyllaryň başynda Mumbaýyň almaz senagatynda bagtyny synap görmek üçin kolleji taşlaýar. Şondan soň, kömür senagaty we portlar bilen gyzyklanyp başlaýar. Şondan bäri onuň konglomeraty howa menzillerinden başlap, maglumatlary işleýiş merkezi, sement, HBS we ýaşyl energetika ýaly ugurlara çenli giňedi.

Ýene degişli makalalar

Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy
Mask ýene-de baý boldy
Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy