Russiýa, Ukraina Garşy Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Russiýa, Ukraina Garşy Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Russiýa, soňky 1 hepde-de Ukirananyň harby senagatyna we energetika pudagyna ýaragly we ýaragsyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandyklaryny mälim etdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, rus goşunynyň Ukraina-Russiýa söweşinde ýeten sepgidi hakynda maglumat berildi.

Beýnnamada, Ukrainanyň harby güýçlerine garşy guralýan hüjümleriň dowam edýändigi nygtaldy.

Beýannamada “Russiýanyň ýaragly güýçleri, Ukrainanyň rus nebit-gaz pudagyna zeper ýetirmek maksady bilen guran hüjümlerine garşy aprel aýynyň 6-12-i aralygynda Ukrainanyň harby goranyş we energetika pudagyna howadan, deňizden we gury ýerden ýaragly we ýaragsyz howa ulaglary bilen 47 hüjüm gurady” diýildi.

Beýannamada, soňky 1 hepde-de ukrinaly 21 esgeriň hem rus güýçlerine boýun egendigi bellenildi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada “Harby operasiýanyň başlan gününden bäri Ukrainanyň harby goşunyna degişli 583 uçar, 270 dik uçar, 20 müň 604 sany uçarmansyz howa ulagy, 500 sany howa goranyş ulgamy, 15 müň 761 tank we sowutly ulag bilen 20 müň 910 sany harby ulag hatardan çykaryldy” diýildi.

Ýene degişli makalalar

Beýni dumany we onuň käbir tebigy bejergi usullaryny
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Funduk
Ermeni Ýaragly Toparlaryň Ot Açmagy Sebäpli Azerbaýjanly 1 Esger Şehit Boldy
Çeper eserleri okamagyň 10 peýdasy
Beýni öwrenmek işi kämilleşýär