“Russiýa, Ukraina Krizisiniň Syýasy we Diplomatiýa Arkaly Çözülmegini Isleýär"

“Russiýa, Ukraina Krizisiniň Syýasy we Diplomatiýa Arkaly Çözülmegini Isleýär"

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, ýurdunyň Ukraina bilen hüjümleriň bes edilmegi boýunça beren teklibiniň kabul edilmeginiň, çaknyşyklaryň bes edilmegini we gepleşikleriň başlamagyny ýola goýjakdygyny aýtdy.

Wladimir Putin, Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilýän, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň 24-nji liderler sammitinde çykyş etdi.

Putin, çykyşynda Russiýanyň ŞHG-na agza ýurtlar bilen edýän söwda mukdarynyň 4/1 göterim artandygyny aýtdy.

Putin, “Ýurtlarymyz, töleglerde milli pul birlikleriniň ulanyş paýyny artdyrýar. Üstümizdäki ýylyň ilkinji 4 aýynda Russiýanyň gurama agza ýurtlar bilen edýän söwda gatnaşyklarynda milli pul birlikleriň ulanyş paýy 92 göterim artdy” diýdi.

Ukraina krizisi hakynda hem durup geçen Putin, “Russiýa, Ukrainadaky krizisiň syýasy we diplomatiýa arkaly çözülmegini isleýär.Bu krizis, ABŞ-nyň başda durmagynda hyzmatdaşlarymyzyň alyp barýan tutumy netijesinde ýüze çykdy.

Dartgynlygyň çözülmegi üçin birnäçe gezek teklip hödürledik.Iýun aýynyň ortasynda bu meseläniň çözülmegi üçin täze teklip hödürledik.Ukraina we Günbatarly hemaýatkärleri teklibi kabul eden halatynda çaknyşyklar dessine bes ediler we gepleşikler başlar”diýdi.

Wladimir Putin, ŞHG-na agza ýurtlaryň Ukraina meselesiniň çözülmegi üçin berjek tekliplerini seljermäge taýardyklaryny belledi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Eýrana gönükdirilen hüjümlerinde 25-den gowrak adam öldi
ÝB-ne Agza Ýurtlaryň Daşary İşler Ministrleri, Russiýa-Ukraina Krizisini Ara Alyp Maslahatlaşar
Eýranda harby uçar ýere gaçdy
Erdogan: "Taraplary sagdyn pikirlilige we halkara hukugy berjaý etmäge çagyrýarys" diýdi
Erdogan: "Ikisinden hem ýüz öwürmegimiz mümkin däl" diýdi
Moskwa: Ukraina bilen gysga wagtda ylalaşyga gelmäge taýýar