Russiýa Ýewropa bilen Sowuk söweşden soň baglaşan harby şertnamalaryny bes etdi

Russiýa Ýewropa bilen Sowuk söweşden soň baglaşan harby şertnamalaryny bes etdi

Rus hökümeti şenbe güni 1992-2002-nji ýyllaryň aralygynda birnäçe Ýewropa ýurdy bilen baglaşylan harby hyzmatdaşlyk şertnamasynyň bes edilmegi üçin Goranmak ministrligine görkezme berdi.

Sanawda Germaniýa, Polşa we Norwegiýa bilen baglaşyşan harby şertnamalar bilen birlikde Bolgariýa, Ruminiýa, Daniýa, Britaniýa, Gollandiýa, Hyrwatiýa, Belgiýa we Çeh Respublikasy bilen baglaşylan şertnamalar hem ýer alýar.

Degişli karar hökümetiň resmi web sahypasynda çap edildi. Başdan geçirilýän geosyýasy dartgynlyklaryň çäginde Sowuk söweşden soň harby-diplomatik şertnamalaryň bes edilendigi nygtaldy.

Russiýanyň Ýewropa ýurtlary bilen goranyş we howpsuzlyk pudagy boýunça edýän gatnaşyklary 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukrainada başlan söweş sebäpli bozulmaga başlady.

Russiýa 2023-nji ýylda Ýewropa Konwensional ýaragly güýçler şertnamasyndan çekildi. Russiýanyň şertnamadan çekilmegine berk garşylyk görkezildi.

Şol döwürde Moskwa, NATO-nyň harby taýdan güýçlenmeginden ABŞ-nyň jogapkärdigini öňe sürdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan NATO sammitiniň çäginde dünýä ýurtlarynyň liderleri bilen duşuşar
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Ýewropanyň gepleşiklere gatnaşmalydygyny aýtdy
Fidan NATO sammiti barada: Türkiye bolmadyk bolsa, Tramp gelmezdi
Putin Ukrainanyň rus jemgyýetini durnuksyzlaşdyrmak üçin hüjümler amala aşyrandygyny aýtdy
Putin bilen Tramp NATO-nyň Ankaradaky sammitinden öň Ukraina meselesini maslahatlaşdylar
Zelenskiý Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy