Russiýada AR-niň saýtyny petiklediler

Russiýada AR-niň saýtyny petiklediler

“Roskomnadzor” AR-niň merkezi aziýa gulluklarynyň saýtlarynyň Russiýanyň çäginde elýeterliligini petiklemäge başlapdyr. Bu barada “Mediazona.Merkezi Aziýa” neşiri “Roskomswoboda” gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Petiklenen saýtlara Азаттык (Gazagystan), Озоди (Täjigistan) we Азатлык (Türkmenistan) girýär.

Petiklemäniň sebäpleri agzalmaýar. “Roskomswoboda” reestriniň maglumatlaryna görä, 2022-njinji ýylyň 28-nji ýanwarynda RF-niň Baş Prokuraturasynyň talaby boýunça “Azatlygyň” rus dilindäki saýtynda ýerleşdirilen iki makalanyň elýeterliligine çäklendirme girizildi.

Olar rus syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň “Putiniň köşgi” baradaky derňewi bilen ilteşikli.

AR-niň saýtlarynyň petiklenmegi 26-njy martda başlandy. 28-nji martda hem bu saýtlar “Bilaýn” serwer boýunça entek elýeterli däldi.

Mundan öň Baş Prokuraturanyň talabu boýunça “Ukraýinanyň çäginde bolup geçýän wakalar barada feýkler ýaýradýandygy” üçin AR-niň rus gullugynyň saýty Russiýada petiklenipdi.

Mundan öň “Roskomnadzor” AR başga-da Ukraýinadaky wakalary şöhlelendirýän garaşsyz “BBC”, “Meduza”, “Doýçe Welle” habar serişdeleriniň elýeterliligini hem çäklendiripdi.

Şonuň ýalyda, häzire çenli “Dojd” telekanaly we “Eho Moskwy” radiýosy hem ýapylypdy.The post Russiýada AR-niň saýtyny petiklediler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

17.05.2018 | Russiýada Amul — Hazar 2018 halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Russiýada Amul — Hazar 2018 halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanda BBC, Reuters ýaly çeşmeleriň saýtlaryny we sosial ulgamlary öz içine alýan azyndan 133 saýt petikli
Türkmenistan “milli kiberözbaşdaklygy” goramak üçin, “Kiberhowpsuzlyk hakynda” kanun kabul edýär
Şu gün Gazagystanda ýüz beren soňky wakalar