Russiýada gara peýnir döredildi

Russiýada gara peýnir döredildi

Russiýanyň Biotehnologiýa uniwersitetiniň (Rosbioteh) alymlary peýniriň täze görnüşini işläp düzdüler. Ol düzüminde agaç kömri bolan gara mermer peýnir diýip, Gazeta.ru habar berýär.

Agaç kömrüniň iýmit siňdiriş häsiýetleriniň kömegi bilen täze azyk önümi aşgazan-içege ulgamyny arassalaýar, bu bolsa öz nobatynda tutuş bedene oňyn täsir edýär. Peýnir toksinleri, organiki birleşmeleri çykarýar, içgeçmede, meteorizmde we iýmit siňdiriş ulgamynyň beýleki sökelliklerinde peýda edýär.

Kömrüň goşulmagy peýniriň tagam häsiýetlerine we onuň taýýarlanyş möhletine täsir etmeýär. Nyrh babatda täze önüm adaty peýnirlerden kän tapawutlanyp durmaz. Onuň düzümine diňe ýerli ingrediýentler girýär.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada Tebigy Gazyň Nyrhy 7,5 Göterim Gymmatlady
Russiýada demir ýol ýük daşamalary üçin nyrhnamalar 8% ýokarlandy
“Patriot Raketa Ulgamy Çaknyşyklaryň Uzamagyna Sebäp Bolar”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Nýu-Ýork dünýäde iň gymmat paýtagt diýlip ykrar edildi
Baýramçylygyň öň ýanynda dollar we harytlar arzanlaýar