Russiýada GDA-nyň wekilleri üçin mugt okuw orunlary köpeldiler

Russiýada GDA-nyň wekilleri üçin mugt okuw orunlary köpeldiler

Geljek okuw ýylyndan başlap, Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde mugt bilim aljak daşary ýurtly talyplaryň sany köpeldiler. Muny Rossotrudniçestwonyň başlygynyň orunbasary Pawel Şewsow mälim etdi. Onuň sözlerine görä, ýurtda mugt bilim alyp biljek ýaşlaryň sany 23 müňe ýetiriler. Deňeşdirmek üçin maglumat bersek, häzir ýurtda 18 müň daşary ýurtly talyp mugt bilim alyp bilýär.

Bu sany köpeltmek meselesi Döwlet Dumasynyň wekilleriniň we Federasiýa Geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda birnäçe ýyl bäri ara alnyp maslahatlaşylýar. Pawel Şewsowyň bellemegine görä, Rossotrudniçestwo Daşary işler ministrligi we Bilim we ylym ministrliginiň bilelikdäki işleriniň netijesinde hökümet geçen ýyl kwotalary artdyrdy.

Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl Türkmenistandan 1800 adam Russiýadaky muugt okuw orunlary üçin ýüz tutdy. Olaryň 220-si synaglaryň netijesinde okuwa kabul edildi.

Köpeldiljek orunlaryň aglabasy GDA agza döwletleriň wekilleri üçin bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen uniwersitetiniň wekiliýeti Uniwersitetler we gelejek atly halkara foruma gatnaşdy
“Ferrariden” goşa üstünlik
Orenburgdaky Ural derýasynyň suwy iň howply derejede ýokarlandy
Täsin ukyply Liwanur Täsin adamlarda bäsleşdi
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (3-nji bölüm)
Putin: "Türkiye, energiýada iň ygtybarly hyzmatdaşydyr" diýdi
Putin Ukrainadaky Operasiýalaryň Giç Başlandygyny Aýtdy