Russiýada hususy uçaryň ýere gaçmagy netijesinde Wagneriň ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožin ýogaldy

Russiýada hususy uçaryň ýere gaçmagy netijesinde Wagneriň ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožin ýogaldy

Russiýanyň Twer sebitinde hususy bir uçaryň ýere gaçandygy, aralarynda Wagneriň ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožin hem bolan jemi 10 adamyň jesediniň anyklanandygy habar berildi.

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi mesele bilen bagly beren beýanatynda, Twer sebitinde "Embraer Legacy" kysymly hususy uçaryň ýere gaçandygyny belläp: "Uçaryň düzüminde 3-si ekipaždan ybarat jemi 10 adam bardy. Deslapky maglumatlara görä uçaryň içindäki ähli adamlar ýogaldy" diýip habar berdi.

Rus habarlar agentligi TASS bolsa Twer sebitinde ýere gaçan we düzüminde 10 adam bolan hususy uçarda Wagneriň ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožiniň hem bolandygyny mälim etdi.

Habar ondan soň Russiýanyň Federal howa transport agentligi tarapyndan hem tassyklandy.

Agentlik ýere gaçan uçarda Wagneriň esaslandyryjysy Ýewgeniý Prigožiniň ýogalandygyny habar berdi.

Wagnere ýakynlygy bilen tanalýan Telegram kanallarynda uçaryň Russiýanyň goşunyna degişli howa goranyş ulgamlary tarapyndan ot açylyp ýere gaçyrylandygy öňe sürüldi.

Prigožin ýanyndaky hakyna tutma söweşijiler bilen 24-nji iýunda Russiýanyň hökümetine garşy ýaragly gozgalaň turuzypdy. Gozgalaň Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň ara girmegi bilen bes edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýada hususy uçaryň ýere gaçmagy netijesinde Wagneriň ýolbaşçysy Prigožin ýogaldy
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumyny açdy, Arkadag şäherinde bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, täze metbugat-sekretaryny wezipä belledi we beýleki habarlar
Putin Prigožiniň jaýlama çäresine gatnaşmaz
Ak Tam Prigožiniň ýogalmagy bilen bagly beýannama berdi
Prigožiniň Jynazasy Meselesindäki Karar Hossarlary Bilen Birlikde Kabul Ediler
Putin Prigožiniň maşgalasyna gynanç bildirdi