Russiýada Samsung smartfonlarynyň 61 görnüşini satmak gadagan edildi

Russiýada Samsung smartfonlarynyň 61 görnüşini satmak gadagan edildi

Russiýada Samsung smartfonlarynyň 61 modelini satmak Moskwa Arbitraž Kazyýeti tarapyndan gadagan edildi. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.

Koreýa Respublikasynyň Samsung Electronics kompaniýasyna we onuň Russiýa Federasiýasyndaky golçur kärhanasyna iň täze Samsung Galaxy Z Flip modelini hem enjamyny goşmak bilen, Russiýada Samsung smartfonlarynyň 61 görnüşini import etmek, satmak we saklamak gadagan edildi.

Şweýsariýanyň Sqwin SA elektron töleg ulgamynyň oýlap tapylmagyna bolan hukuklaryny bozýandygy sebäpli, Samsung Pay töleg hyzmatynyň Russiýada ulanylmagyny gadagan etmegi talap edip kazyýet işi açyldy. Oýlap tapyşyň beýanyna görä, alyjynyň ykjam enjamyny we satyjynyň kassa ulgamyny ulanyp, onlaýn töleg geçirmegiň serişdeleri degişlidir. Bu hukuklar, Russiýanyň patenti bilen goralýar, bu Arbitražyň goşmaça kararynyň iş böleginde görkezilýär.

Iýul aýynda kazyýet Samsung Electronics we Samsung Electronics Rus kompaniýasyna Russiýada Samsung Pay ýaly önümleriň ulanylmagyny, satylmagyny we raýat dolanyşygynyň beýleki görnüşlerini gadagan etdi. Kazyýet aktynda ykjam enjamlaryň aýratyn modelleriniň görkezilmändigi sebäpli, talapçy awgust aýynda kazyýete hödürledi we kazyýetiň öňe süren talaplaryna doly garamaýandygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Samsung aňyrsy görnüp duran microLED-ekran bilen tanyşdyrdy
“Samsung” aňrybaş täze telewizor çykardy
Ministr Kajyr Günorta Koreýada, Türkiýäniň Maýa Goýum Mümkinçiliklerini Tanyşdyrdy
Dünýäde smartfonlaryň söwdasy 18,3 göterim pese gaçdy
Samsung Electronics smartfonlaryna film surata düşürmek kampaniýasyny başlatdy
Samsung-yň üçünji çärýekde operasion girdejisi 28% ýokarlandy