“Samsung” aňrybaş täze telewizor çykardy

“Samsung” kompaniýasy Koreýada bahasy 130 millon wona deň bolan 89 dýuýmlyk telewizoryny satuwa çykarjakdygyny mälim etdi. Bu barada “ITHome” portaly habar berýär.

MNA89MS1BACXKR diýlip atlandyrylan bu telewizor, innowasion “MicroLED” tehnologiýasy bilen abzallaşdyrylandyr. Onuň ekrany 20 milliondan gowrak mikroyşykly duýguçlardan ybarat bolup, “HDR10” we “HDR10+” durulygynda görkezmäge, şeýle hem 2000 kd/m2 derejesinde ýokary ýagtylyga eýedir.

Täze telewizor “Micro AI” prosessorynyň esasynda işleýär. Şeýle hem onda 100 Wt kuwwatlylygy bolan 6.2.2 kanally ses ulgamy, sesiň we şekiliň sazlaşdyrylmagy üçin “OTS Pro” tehnologiýasy, sesi özbaşdak dolandyrmak üçin “AVA” tehnologiýasy ornaşdyrylandyr.

“Samsung Electronics Korea” kompaniýasynyň wise-prezidenti Tehwan Hwan “MicroLED” gurluşly telewizorlarynyň gerimini 76, 101 we 114 dýuýmlyk nusgalar bilen giňeltmegi niýet edinýändiklerini belledi. Olaryň aýratynlyklary we çykjak wagty heniz aýan edilmedi.

Ýene degişli makalalar

Samsung aňyrsy görnüp duran microLED-ekran bilen tanyşdyrdy
Ministr Kajyr Günorta Koreýada, Türkiýäniň Maýa Goýum Mümkinçiliklerini Tanyşdyrdy
Samsung Galaxy S21 tapgyrynyň täze smartfonlaryny hödürledi
“Samsung” özüniň täze arzan smartfony - “Galaxy A02”-ni tanyşdyrdy
Samsung arzan bahaly smartfonlarynyň tutuş tapgyryny çykarmaga taýynlanýar
Alty ýylda ýüz kompaniýa satyn aldy