“Samsung” özüniň täze arzan smartfony - “Galaxy A02”-ni tanyşdyrdy

“Samsung” özüniň täze arzan smartfony - “Galaxy A02”-ni tanyşdyrdy

“Samsung Electronics” kompaniýasy özüniň kuwwatly batareýaly täze arzan smartfonyny - “Galaxy A02”-ni tanyşdyrdy. Bu barada www.ixbt.com habar berdi.

“Galaxy A02” modeli täze ýyldan öň arzan bahadan satylyp başlanan “Galaxy A02S” smartfonyndan hem has ýönekeý hasaplanylýar.Smartfon HD+ durulykly (1560 x 720 piksel), 6,5 dýuýmlyk TFT ekrany, 5 megapikselli öň kamerasy, 13 we 2 megapikselli goşa esasy kamera datçikleri bilen enjamlaşdyrylandyr.

Batareýanyň kuwwaty 5000 mA/sagat bolup, ol 7,75 Wt kuwwatda zarýad alyp bilýär.Dört ýadroly we 1,5 Hz takt ýygylykly SoC MediaTek MT6739W, 2 ýa-da 3 GB RAM we 32 ýa-da 64 GB içerki fleş ýady bu smartfonyň apparat bazasy bolup hyzmat edýär.

Onuň ölçegleri 164 x 75,9 x 9,1 mm, agramy 196 gr. “Galaxy A02”-ä barmak yzy skaneri, NFC we beýleki “ýeňillikler” ýetmezçilik edýär, ýöne onda 4G VoLTE, Wi-Fi (802.11 b/g/n), Bluetooth 5, GPS we GLONASS, iki SIM kartlary we ýat kartalary üçin aýratyn ýer bar.

Smartfonda “Samsung One UI” gaby bilen “Android 10” gurnalan.

Ýene degişli makalalar

Samsung täze Galaxy A04 bilen tanyşdyrdy
Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy
Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi
Smartfon satuwynda birinji
2022-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlary kesgitlenildi
Samsung kompaniýasy akylly ýüzük çykarar
The Information: Apple iPhone 14 Plus-yň önümçiligini azaldýar