Smartfon satuwynda birinji

Canalys kompaniýasynyň taýýarlan maglumatyna görä, Samsung kompaniýasy dünýäde smartfon satuwynda öňdeligini dowam etdirýär. Şu ýylyň ikinji çärýeginde bütin dünýäde satylan akylly telefonlaryň 21 göterimini Samsung emele getiripdir.

Kompaniýanyň şeýle üstünligi gazanmagynda has arzan bahaly bolan Galaxy A seriýasynyň täsiriniň uludygy bellenilýär.Maglumata görä, Apple kompaniýasynyň telefonlary bazaryň 17 göterimini emele getirip, ikinji bolupdyr.Amerikan brendiniň satuwynyň artmagyna iPhone 13 smartfonyna bolan islegiň ýokary bolmagynyň täsiri uly bolupdyr.

Hytaýyň Xiaomi, Oppo we Vivo kompaniýalary degişlilikde, üçünji, dördünji we bäşinji ýerleri eýeläpdir.Bu kompaniýalaryň bazardaky paýy degişlilikde 14 göterim, 10 göterim we 9 göterim bolupdyr.Şu ýylyň ikinji çärýeginde umumy telefon satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 9 göterim pese gaçypdyr.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
Girdeji babatda öňdeligini saklady
Bilermenler iň meşhur el telefonlaryny saýladylar
Smartfon bazarynyň göwrümi çip ýetmezçiligi sebäpli ep-esli azaldy
Iň meşhur “Android” smartfonlar