Samsung Galaxy S21 tapgyrynyň täze smartfonlaryny hödürledi

Samsung Galaxy S21 tapgyrynyň täze smartfonlaryny hödürledi

Günorta Koreýanyň Samsung Electronics kompaniýasy iň täze flagman smartfonlary — Galaxy S21 we Galaxy S21+, şeýle-de Galaxy S21 Ultra-ny hödürledi. Tanyşdyrylyş kompaniýanyň saýtynda ýaýlyma berildi.

Samsung Electronics-iň mobil aragatnaşyk bölüminiň prezidenti we ýolbaşçysy Te Mun Ro häzirki wagtda adamlaryň uzak aralykdan işleýändikleri we wagtynyň köp bölegini öýlerinde geçirýändikleri sebäpli, kompaniýanyň multimediýa üçin iň ýokary talaplara laýyk gelýän smartfony döretmek isländigini belledi.

Galaxy S21 smartfony 6,2 dýuým Dynamic AMOLED 2X Infinity-O 120 Gs intellektual displeýli ekran bilen üpjün edildi.Galaxy S21+ hem şol bir häsiýetli 6,7 dýuým displeýe, şeýle-de ýokary sygymly batareýe eýe boldy.

Modelleriň ikisinde-de emeli intellektli üç kamera bar.Olar Exynos 2100 prosessoryna, 8 Gb operasion ýada we 128 Gb/256 Gb içki ýada eýe boldular.Täze modeller 5G aragatnaşygyny göterýär.

Galaxy S21 Ultra hilini ýitirmezden perspektiwany üýtgetmek üçin öň we dört sany yzky kamerany öz içine alýan ähli obýektiwlerde sekuntda 60 kadr tizlik bilen 4K görnüşinde surata düşürmäge mümkinçilik berýär.

Iki teleobýektiw ulgam bolan 100x Space Zoom suratçynyň obýektden näçe uzakda ýerleşendigine garamazdan, ýokary derejede takyk suraty almaga mümkinçilik berýär.Smartfonlar ýokary gizlinligi üpjün etmek üçin täze enjama hem eýe boldular: suraty ibermezden ozal, ýerleşýän ýeri baradaky meta-maglumatlary bozmak bolýar.

Private Share funksiýasy iberilýän mazmuny kimiň aljakdygyny, onuň näçe wagt elýeterlidigini gözegçilikde saklamaga şert döredýär.Kompaniýa S21 Ultra we S21+ modellerinde ultra giň zolakly (UWB) mümkinçilikler bilen smartfonlaryň awtomobilleriň gapylaryny awtomatik ýagdaýda açyp biljekdigini belleýär.

Mundan başga-da, modeller AR Finder funksiýasyna eýe, bu funksiýanyň kömegi bilen Galaxy smartfonlaryny ulanyjylara ýitirilen zady tapmakda kömek sorap habar (messenjer) ibermek bolýar.

Ýene degişli makalalar

Samsung täze Galaxy A04 bilen tanyşdyrdy
Samsung 2023-nji ýylda hususy kriptowalýuta biržasyny işe girizmegi meýilleşdirýär
Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy
2022-nji ýylyň iň gowy android-smartfonlary kesgitlenildi
2022-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlary kesgitlenildi
Şu ýylyň iň gowy smartfonlary