Russiýaly aktrisa Irina Miroşniçenko aradan çykdy

Russiýaly aktrisa Irina Miroşniçenko aradan çykdy

RSFSR-niň halk artisti Irina Miroşniçenko 82 ýaşynda aradan çykdy diýip, Moskwanyň Çeperçilik akademiki teatrynyň mekdep-studiýasynyň rektory Igor Zolotowiskiý habar berdi. Bu barada Interfax.ru ýazýar.

Miroşniçenko 1942-nji ýylyň 24-nji iýulynda Barnaulda doguldy, 1965-nji ýylda Moskwanyň Çeperçilik akademiki teatrynyň mekdep-studiýasyny tamamlady. Ol rus kinosynyň Andreý Rublýow, Wanýa daýy, Kreml kurantlary, Esger frontdan geldi, Siziň düýşüňize-de giren däldir, Gyşky ülje ýaly 50 töweregi çeper filmde keşp döretdi. Aktrisa şeýle-de teatryň sahnasynda 40 sany ýatdagalyjy keşplerde çykyş etdi.

Iň owadan aktrisalaryň biri bolan Miroşniçenko hakda Sowet kinosynyň Merilin Monrosy diýýärdiler.

Ýene degişli makalalar

Nesilden nesle geçýän dissidentler ýurdy. SSSR dargamazynyň öňüsyrasynda, respublikalardaky milli hereketler. Türkmenistan
RSF: Türkmenistan metbugat azatlygynda 177-nji boldy
RSF: Türkmenistan metbugat azatlygynda 177-nji boldy
RSFSR-iň Ýokary Sowetiniň iň soňky başlygy Hasbulatow aradan çykdy
"Rus halky biziň uly doganymyz": SSSR respublikalarynyň gimnleri rus halkyny nädip wasp etdi; ony kolonizasiýa hasaplap bolarmy
Mihail Boýarskiý hassahana ýerleşdirildi