RSFSR-iň Ýokary Sowetiniň iň soňky başlygy Hasbulatow aradan çykdy

RSFSR-iň Ýokary Sowetiniň iň soňky başlygy Hasbulatow aradan çykdy

RSFSR-iň Ýokary Sowetiniň iň soňky başlygy Ruslan Hasbulatow Podmoskowýedäki daçasynda, 80 ýaşynda aradan çykdy diýip, MIR 24 habar berýär.

Hünäri boýunça hukukçy bolan Hasbulatow geçen asyryň 90-njy ýyllarynda ýurdy gurşap alan syýasy özgerişlikler wagtynda wezipe edindi.Russiýanyň Parlamentiniň başlygynyň orunbasary, soňra başlygy boldy. 1991-nji ýylyň awgustyndaky putç — döwlet agdarylyşygy wagtynda ol dildüwşüjilere, ýagny GKÇP-ä garşy çykyş etdi.

Soňra Sowet Soýuzynyň ýatyrylýandygy barada Belowež ylalaşygyny goldady.Emma ol Boris Ýelsiniň syýasaty bilen ylalaşman, oppozisiýa gitdi. 1993-nji ýylyň güýzünde olaryň garşylygy has ýitileşdi.

Men ýolbaşça wepaly bolmak terbiýesini alan adamdym. Ony ynandyrmaga jan ederdim, deputatlaryň hüjüminden goraýardym. Haçanda ony işden aýyrmak meselesi ýüze çykanda, men muňa ýol bermedim. Almytymy-da aldym, ol meni türmä atdy diýip, Hasbulatow şol çylşyrymly ýyllar barada ýatlamalarynda gürrüň bererdi.

Ýokary Sowet Ýelsini işden aýyrmak we onuň wezipe ygtyýarlylyklaryny wise-prezidente bermek barada karar kabul etdi. Hasbulatowy tussag etdiler. Ol bäş aýdan soňra günäsi geçilip, azatlyga goýberildi. Tizara ol syýasaty goýdy we Plehanow adyndaky uniwersitetde dünýä ykdysadyýeti kafedrasyna ýolbaşçylyk etdi. Ruslan Hasbulatow şu gün, 5-nji ýanwarda dogduk watany Çeçenistanda ýerlener.

Ýene degişli makalalar

Ajaýyp asyryň ýyldyzy türk seriallarynyň üstünliginiň syryny paýlaşdy
Insulin garşlygy bilen göreş
Türkmen halysy gözelligiň nusgasy atly baýramçylyk duşuşygynda göçme sergi
Kaýseri Basdyrmasy
Türkmen kompaniýalary hlorellanyň önümçiligini ýola goýdy
Roza Gül Türkmenistanyň ähli ýerine eltip bermek hyzmaty bilen islegiňize görä gül çemenlerini hödürleýär