Türkmen kompaniýalary hlorellanyň önümçiligini ýola goýdy

Türkmen kompaniýalary hlorellanyň önümçiligini ýola goýdy

“Pajarla” we “Çemenli ýaýla” hususy kärhanalary bilelikde Türkmenistanda ilkinji bolup, hlorellanyň önümçiligini ýola goýdy.

Hlorella biröýjükli suwoty bolup, ol ekerançylykda, howuzlary arassalamakda, kosmetologiýada, zawod fabrikleriň atmosfera zyňyndylaryny azaltmakda, gaýtadan işlemekde we ýygnap saklamakda giňden ulanylýar. Bu barada “Pajarla” kompaniýasynyň direktory Şamyrat Hydyrowyň “Rysgal” gazetinde duşenbe güni çap edilen makalasynda bellenilýär.

Hlorella maldarçylykda gara we ownuk şahly mallary, guşlaryň ähli görnüşlerini (towuk, düýeguş, käkilik, öý guşlary), şeýle hem balarylary, ýüpek gurçuklary, balyklary, atlary, itleri iýmitlendirmek, olaryň immunitetine täsir etmek bilen, oňyn netijeleri gazanmak üçin, ýagny guşlaryň, gara mallaryň önümliligini ýokarlandyrmakda hem ulanylýar.

“Hlorellanyň synag önümçiligini Pajarla we Çemenli ýaýla hususy kärhanalarymyzyň amala aşyrmagy, häzirki wagtda tehniki şertleri, degişli resminamalar bilen üpjün edilmegi bizi guwandyrýar” diýip, Şamyrat Hydyrow aýdýar.

Hlorella suwoty 1890-njy ýylda mikrobiolog alym Martin Beýerink tarapyndan açyldy. Häzirki döwürde hem hlorellanyň öwrenilmegi alymlar tarapyndan dowam etdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidenti käbir welaýat we etrap häkimlerine täze orunbasarlary wezipä belledi
DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY
A.S. Puşkin adyndaky teatr barada monologlar: sahnanyň aňrysyna gezelenç
A.S. Puşkin adyndaky teatr barada monologlar: sahnanyň aňrysyna gezelenç
Türkmen tebigatynyň gözellik dünýäsine syýahat: Sarygamyş köli
Daşoguzdaky Serdar pagta egriji fabriginde şu ýyl 1220 tonna nah ýüplük öndürildi