Köneürgenç sungat ussatlarynyň mekany

Her bir halkyň medeniýeti milletiň däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Ýurdumyz häzirki wagtda milli medeniýeti bilen bütin dünýäde tanalýar.Munuň şeýledigine daşary ýurtlarda Türkmenistanyň medeniýet hepdeliginiň, halkara derejesinde sanly ulgam arkaly medeni forumlaryň geçirilmegi, daşary ýurtlarda milli medeniýetimizi açyp görkezýän sergileriň guralmagy aýdyň şaýatlyk edýär.

Milli medeniýetimizi kämileşdirmekde, geljek nesillere ýetirmekde, ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan beýik işleriň waspyny ýetirmekde, baýramçylyklaryň hem-de şanly seneleriň şatlyk-şowhunyny artdyrmakda medeniýet-sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň aýratyn uly hyzmatlarynyň bardygyny bellemek gerek. Ýakynda biz Köneürgenç etrap medeniýet merkeziniň direktory Gurbanbibi Annaýewa bilen söhbetdeş bolup, etrabymyzda medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işler barada gürrüň bermegini haýyş etdik.

Siz köp ýyllyk iş tejribesi bolan medeniýet işgäri hökmünde tanalýarsyňyz.Söhbetdeşligimiziň başyny bu ulgamda näçe wagt bäri zähmet çekýändigiňiz baradaky gürrüň bilen başlaýalyň! Meniň medeniýet ulgamynda zähmet çekip ýörenime otuz ýyldan gowrak wagt boldy.

Köneürgenç etrap medeniýet bölüminde dürli wezipelerde zähmet çekip gelýärin.Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda medeniýet ulgamynda hem ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.Biz medeniýet-sungat işgärlerine milli medeniýetimizi dünýä tanatmagymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Köneürgenç etrap medeniýet merkeziniň işgärleri hem döwletimiz tarapyndan döredilýän şertlerden peýdalanyp, döredijilikli zähmet çekýärler. Köneürgenç etrap medeniýet merkezinde hereket edýän bölümler, olaryň iş aýratynlyklary barada gürrüň beräýseňiz? Köneürgenç etrap medeniýet merkezi 16-njy oba medeniýet öýüni, 1-nji kitaphanany, 4 sany kitaphana şahamçasyny, çagalar sungat mekdebini, halk teatr bölümini öz içine alýar. Ähli bölümlerimizde 150-ä golaý adam zähmet çekýär.

Biz medeniýet işgärleri öz tertipnamamyza laýyklykda etrabymyzda, welaýatymyzda geçirilýän baýramçylyk çärelerine özümiziň täze aýdym-saz çykyşlarymyz bilen gatnaşýarys.Biz diňe bir aýdym-saz sungaty bilen meşgullanman, eýsem, oba ýerlerinde eli çeper zenanlarymyz bilen ýygy-ýygydan duşuşyp, keçe basmak, gaýma gaýamak, haly-palas dokamak we beýleki el işleri barada söhbetdeşlik geçirip, teleradioýaýlymlaryň üsti bilen halkymyza ýetirýäris. Şonuň ýaly hem işgärlerimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän Ýaňlan, Diýarym!, Çalsana, bagşy!

we beýleki bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler.Obalarda ýaş höwesjeň aýdymçylaryň, döredijilik bilen meşgullanýanlaryň bardygyny hem belläp geçmek gerek.Olar hem özleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen geçirilýän baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Köneürgenç topragy özüniň medeniýeti, sungaty, taryhy bilen diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde tanalýar.

Köneürgenç meşhur aýdymçy-sazandalaryň mekany.Häzirki wagtda hem ata-babalarymyzyň sungat ýoluny dowam etdirip gelýän ýaşlarymyzyň bardygy diýseň begendirýär. Hawa, dogry bellediňiz, Köneürgenç topragy at gazanan bagşy-sazandalaryň ýaşan ýeri. Şeýle bagşylaryň hatarynda Baýar Baýramow, Sapa Togalakow, Mämmet Meredow, Pirjan Moşşyýew, Bazar Baýramow, gyjakçy Mätjan Annakulyýew dagylar bar.

Türkmen halkynyň milli aýdym-saz sungatynyň ösüşine özleriniň mynasyp goşandyny goşan bu bagşy-sazandalaryň döredijiligi, sungat ýoly häzirki wagtda ýaş nesillerimize görelde mekdebi bolýar.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýdym-saz äleminde nusgalyk yz galdyran bu bagşylaryň atlaryny geljek nesillere ýetirmek üçin hem uly işler alnyp barylýar.

Halypalaryň durmuş ýoly, döredijiligi barada söhbetdeşlikler, döredijilik agşamlary geçirilýär.Maslahat geňeşligindäki oba medeniýet öýüne Baýar Baýramowyň ady dakyldy.Halypalyk derejesine ýeten bu bagşylaryň şägirtleri, agtyk-çowluklary häzirki wagtda peder ýoluny dowam etdirýärler.

Muňa mysal edip Akgala oba medeniýet öýünde zähmet çekýän Oraz Baýarowy aýtmak bolar.Ol häzirki wagtda halk we estrada aýdymlary bilen giňden tanalýar. Medeniýet merkeziniň aýdymçy-sazandalary, folklor we tans toparlary hemişe köpçülikleýin medeni çärelerde yzygiderli çykyş edýärler. Ýaňy-ýakynda hem Mary welaýatynda medeniýet hepdeligi geçirildi.

Medeniýet hepdeligine siziň işgärleriňizden gatnaşan barmy? Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen medeniýet hepdeligine medeniýet merkezimiziň tansçysy Soltangül Gulmanowa gatnaşdy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň medeniýet-sungat ussatlaryndan ybarat bolan döredijilik toparlarynyň, ýazyjy-şahyrlaryň, artistleriň, suratkeşleriň gatnaşmagynda geçirilen bu medeni forum birek-birek bilen tejribe alyşmaga, medeniýet-sungat işgärleriniň döredijilik ussatlygyny ösdürmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, oba medeniýet öýleriniň hem-de öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmäge ýardam berdi. Şu ýerde medeniýet ulgamynda ençeme ýyllardan bäri zähmet çekip gelýän göreldeli işgärlerimiziň birnäçesiniň adyny agzap geçesim gelýär.

Olardan Suhan Arazmedow, Oraz Baýarow, Aýnabat Amanowa, Jeren Meredowa, Çemengül Gulmanowa, Halmyrat Saparniýazow dagylary görkezmek bolar.Bu işgärlerimiz özleriniň iş tejribesi, milli medeniýetimizi ösdürmekde, kämilleşdirmekde alyp barýan işleri bilen beýlekilere nusga alarlyk işleri alyp barýarlar. Siziň medeniýet-sungat ulgamynda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Gadamlaryňyz elmydama batly bolsun! Sag boluň!Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda biz medeniýet-sungat işgärlerine döredijilik bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilýär.Munuň üçin hormatly Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýok. Ýurdumyzda aýdym-sazyň hoş owazy hemişe ýaňlanyp dursun!

Söhbetdeş bolan Gülhumar HOJAHMETOWA,Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
"Azatlygyň" žurnalistleriniň 70 ýyllyk ýoly
08.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Gündogar - inçe syrlarynyň dünýäsi atly dabaraly konserti