Russiýalylaryň Täze ýyl baýramçylygynda iň garaşýan filmleri anyklandy

Russiýalylaryň Täze ýyl baýramçylygynda iň garaşýan filmleri anyklandy

Russiýalylaryň Täze ýyl baýramy günlerinde teleýaýlymda tomaşa edesi gelýän filmleriniň onlugy belli edildi, sanawyň başyny Leonid Gaýdaýyň Iwan Wasilýewiç kärini üýtgedýär atly komediýasy (1973) çekýär diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Bu ugurda ýurduň teleýaýlymy tarapyndan geçirilen pikirsoralyşykda Eldar Rýazanowyň Ykbalyň ýaňsysy ýa-da päklenmegiň bilen! (1976) filmi ikinji orny eýeledi. Üçünji orunda Konstantin Brombergiň Jadygöýler (1982) filmi ýerleşdi.

Onluga şeýle-de Gyzlar, Şowlulygyň žentelmenleri, Gulluk söýgüsi, Kawkaz ýesiri ýa-da Şurigiň başdan geçirmeleri, Söýgi we kepderiler, Karnawal gijesi, Göwher el atly meşhur gülküli filmler girdi.

Ýene degişli makalalar

Mosfilmiň bütin taryhyndaky iň gowy filmi agzaldy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Russiýa Federasiýasynyň çägine haryt girizmek üçin “Dogruçyl belgi” kanuny güýje girdi
Şu minuda çenli Turkmenportal-yň esasy habarlary
Göwher el filminiň äheňleri boýunça Täze ýyl filmi surata düşüriler