Şu minuda çenli Turkmenportal-yň esasy habarlary

Şu minuda çenli Turkmenportal-yň esasy habarlary

Türkmenistanda

1.Täze, 2024-nji ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow däp bolşy ýaly, watandaşlaryny gutlap çykyş etdi.Döwlet Baştutany geçip barýan ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze taryhynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny, ýurduň taryhynda ilkinji akylly şäher — Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ýurduň ähli ýerlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş, sport desgalarynyň bina edilendigi, medeniýet we sungat edaralarynyň, seýilgähleriň, önümçilik binalarynyň, başga-da köp sanly desgalaryň ulanmaga berlendigi, şeýle hem ýangyç-energetika toplumyna degişli iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigi nygtaldy.

2.Arkadag atly oglanjyk Täze, 2024-nji ýylda Türkmenistanda dünýä inen ilkinji bäbek boldy.Ol 1-nji ýanwarda ir bilen Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde doguldy.

Oglanjyk Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary Kakageldiýewleriň maşgalasynda üçünji perzentdir. Çaganyň agramy 4 kilogram 230 gram we boýy 54 santimetr ölçeglerde bellige alyndy.Lukmanlaryň aýtmagyna görä, enäniň we täze doglan bäbegiň saglyk ýagdaýlary kanagatlanarly.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu bagtyýar maşgala gutlaglar iberildi we sowgatlar gowşuryldy.

3.Täze ýylyň ilkinji gününde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Sowgatlaryň hatarynda mekdep okuwçylary üçin iki sany interaktiw tagta, gyş eşikleri we sport lybaslarynyň toplumy, gyzlar üçin milli köýnekler hem-de Täze ýyl süýjülikleri bar. Çagalara sowgatlar gowşurylmazdan öň meşhur estrada aýdymçylary çykyş etdiler, şeýle hem sirk artistleriniň gatnaşmaklarynda teatrlaşdyrylan sahna görkezildi.

4. Türkmenistan 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda türkmen-gazagystan serhedindäki Garabogaz gümrük nokadynyň durkuny täzelemäge girişer. Taslamanyň maksady gümrük nokadynyň çägini giňeltmekden we geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmakdan ybraratdyr. Durkuny täzelemek işleriniň çäklerinde administratiw binanyň enjamlaşdyrylyşyny täzelemek we awtoulaglary barlamak üçin täze rentgen enjamlaryny oturtmak meýilleşdirilýär. Işler 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlanar.

5.Täze ýyl agşamynda Arkadag şäheriniň meýdançasynda aýdymçylaryň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda ilkinji gezek köpöwüşginli Täze ýyl çykyşlary boldy.Türkmenistanyň täze şäheri ilkinji gezek ýurduň dürli sebitleriniň ýaşaýjylaryny we Aşgabat şäherini baglanyşdyrýan baýramçylyk teleköprüsine gatnaşdy.

Täze şäher 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda açyldy.Soňky 7 aýyň dowamynda şäherde milli we halkara derejede köp sanly çäreler geçirildi.

6. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandy.Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi.

Resminamada 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmalydygy bellenilýär.

Dünýäde

7.TNT teleýaýlymynda Leonid Gaýdaýyň Iwan Wasilýewiç kärini üýtgedýär atly sowet komediýasynyň täzeden surata düşürilen görnüşiniň ilkinji görkezilişi boldy.Film Iwan Wasilýewiç hemme zady üýtgedýär!diýlip atlandyryldy.

Täzeden surata düşürilen filmiň sýužeti asyl hekaýany gaýtalaýar: inžener-oýlap tapyjy Şurik tötänleýin patyşa Iwan Groznyny XXI asyra getirýär.Emma filmiň täze nusgasynda wagt enjamy internet arkaly işleýär we internetdäki yzygiderli näsazlyklar sebäpli wagt syýahatçylary dürli ýurtlara we döwürlere iberýär.

8.BAE-däki Ras Al Haýma Täze ýyl feýerwerkleriniň möçberi boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. 2024-nji ýylyň öňüsyrasynda geçirilen şüweleň Ginnesiň rekordlar kitabynyň bibada iki kategoriýasyna girizildi.

Feýerwerk Al Marjan atly emeli arhipelagyň we Al Hamra sebitiniň arasynda 4,5 kilometrlik kenarýaka zolagyna uzady.Bu suwda hem-de asmanda iň uzyn feýerwerk hatary boldy.Suwdaky nusgawy feýerwerkden başga-da, pirotehniki enjamlary we LED çyralary bolan 1000-den gowrak dron ulanyldy.

9. Daniýanyň şa aýaly Margret II teleýaýlym arkaly Täze ýyl ýüzlenmesinde tagtdan ýüz öwürmek kararyna gelendigini yglan edip, halky geň galdyrdy. Resmi tagtdan aýrylmak çäresi 14-nji ýanwarda, onuň tagta çykmagynyň 52 ýyllygynda geçiriler. Margretde soň onuň uly ogly, mirasdüşer şazada Frederik Daniýanyň täze patyşasy bolar.

Sport habarlary

10. Eýranyň Futbol federasiýasy milli ýygyndynyň hüjümçisi Serdar Azmunyň Aziýanyň kubogyna gatnaşmagy üçin rugsat sorap, Italiýanyň Roma klubyna resmi hat ýollady. Ýaryş 12-nji ýanwardan 10-njy fewral aralygynda Katarda geçiriler. Eýranyň milli ýygyndysy toparçalaýyn tapgyrda BAE-niň, Gonkongyň we Palestinanyň ýygyndylary bilen duşuşar.

11. Ýokary liganyň klublarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň jemleýji tapgyrynda Balkanabadyň Nebitçi futbol kluby Türkmenbaşy şäherinden Şagadamy 2:0 hasabynda ýeňdi.Bu tapgyrdan öň Nebitçi we Ahal çempionatda bürünç medallar ugrunda göreşýärdiler.

Nebitçi 5 utuk artykmaçlyga eýedi we bu ýeňişden soň Ahal üçin yzyndan ýetip bolmajak netije gazandy. Şeýlelikde, topar taryhynda 7-nji gezek milli çempionatda bürünç medala eýe boldy.Nebitçi 24 oýunda 43 utuk toplady.

Toparyň iň netijeli oýunçysy 10 pökgi geçiren Magtymberdi Berenow boldy.

12.Brisbendäki tennis meýdançasynda awstriýaly Dominik Tim bilen awstraliýaly Jeýms Makkeýiň arasynda geçirilen ATP ýaryşynyň saýlama duşuşygynda täsin waka bolup geçdi.Meýdançada zäherli ýylanyň peýda bolmagy sebäpli oýun birdenkä togtadyldy.

Duşuşygyň ikinji tapgyrynda 50 sm uzynlykdaky gündogar goňur ýylanynyň peýda bolandygy habar berildi.Howply süýrenijini tutmak üçin ýaryşyň howpsuzlyk işgärlerini çagyrylmaly boldy.Olara ýylany tutup, meýdançadan alyp gitmek başartdy, şondan soň oýun dowam etdirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Russiýa Federasiýasynyň çägine haryt girizmek üçin “Dogruçyl belgi” kanuny güýje girdi
Russiýalylaryň Täze ýyl baýramçylygynda iň garaşýan filmleri anyklandy
Mosfilmiň bütin taryhyndaky iň gowy filmi agzaldy