Russiýanyň Döwlet Dumasynyň wekiliýeti resmi sapar bilen Aşgabada geldi

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň wekiliýeti resmi sapar bilen Aşgabada geldi

Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky Russiýanyň Döwlet Dumasynyň wekiliýeti resmi sapar bilen ýekşenbe güni Aşgabada geldi. Bu barada Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisinde wekiliýet birnäçe duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirýär. Russiýanyň we Türkmenistanyň mejlis agzalary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze usullaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Aşgabada resmi sapar bilen gelen güni Mejlisdäki kärdeşleri bilen ilkinji duşuşyklary geçirdi.

Döwlet Dumasynyň wekiliýetiniň düzüminde Döwlet Dumasynyň Başlygynyň orunbasary Şolban Kara-ool, GDA meseleleri, Ýewraziýa integrasiýasy we watandaşlar bilen gatnaşyklar komitetiniň başlygy Leonid Kalaşnikow,Sebit syýasaty we ýerli öz-özüni dolandyryş komitetiniň başlygy Alekseý Didenko, Ylym we ýokary bilim komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Aleksandr Mažuga, Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygynyň orunbasary Irina Rodnina bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 22-nji iýunda Moskwada geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Aşgabada geldi
Putiniň dalaşgärligi tassyklandy
Türkmenistan bilen Russiýa bilelikde sanly parlament kitaphanasyny dörederler
GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Arkalaşygyň giňişliklerinde bilelikde işlemek taslamalarynda Türkmenistanyň orny barada
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi