Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär

Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär

Ukrainanyň baş ştaby tarapyndan düýn berilen beýanatda, soňky 1 günde Russiýanyň Ukraina 2 raketa we 25 howa hüjümini gurandygy habar berildi.

"Russiýa şu gün Ukrainanyň Donetsk sebitiniň Družkowka şäheriniň raýat infrastrukturasyna we beýleki ýaşaýyş zolaklaryna raketalar bilen hüjüm gurady" diýip bellenen beýanatda, asuda ilatyň arasynda ýitgileriň bardygy habar berildi.

Beýanatda Russiýanyň harby güýçleriniň esasy güýçlerini Liman, Bahmut, Awdeýewka we Marinka ugurlarynda ýygnandygy bellenip, Ukrainanyň goşunynyň soňky 1 günde ruslaryň 50-den gowrak hüjümini yzyna serpikdirendigi mälim edildi.

Bahmut, Awdeýewka we Marinka ugurlarynda aldym-berdimli söweşleriň dowam edýändigi habar berilen beýanatda, Liman ugrunda rus goşunynyň Lugansk sebitiniň Kreminna şäheriniň günorta zolagyna guran hüjümleriniň şowsyz bolandygy aýan edildi.

Beýanatda Lugansk sebitiniň Newskoýe, Dubrowa, Belogorowka we Razdoliwka obalaryny agyr ýaraglar bilen bombalanandygy aýan edildi.

Russiýanyň harby güýçleriniň Bahmut şäherine garşy hüjümlerini dowam etdirýändigi bellenen beýanatda: "Emma esgerlerimiz ýaşaýyş ýerini gözegçiliginde saklaýar" diýip beýan edildi.

Beýanatda ruslaryň Donetsk sebitiniň Bogdanowka obasyna hüjüm gurandygy we hüjümiň netijesiz bolandygy bellenip: "Duşman günüň dowamynda Wasýukowka, Orihowo-Wasilowka, Nowomarkowo, Bahmut, Iwanowskoýe, Çasow-Ýar, Kurdýumowka, Nýu-Ýork we Družowka ýaly ýaşaýyş ýerlerine hüjüm gurady" diýip habar berildi.

Awdeýewka we Marinka ugurlarynda rus goşunynyň hüjümleriniň şowsyz bolandygy bellenen beýanatda, Şahtýorsk ugrunda ruslaryň Donetsk sebitiniň Pobeda, Nowomihaýlowka, Ugledar we Wyleka Nowoselka ýaşaýyş ýerlerine hüjümler gurandygy barada maglumat berildi.

Ýene degişli makalalar

Ukrainanyň Baş Ştaby: "Russiýa Bahmut şäherini basyp almak üçin tagallalaryny dowam etdirýär"
Türkmenistanly oglanlar tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyna ýeňiş bilen başladylar
Ispaniýanyň ikinji çempionlygy
Russiýaly ussat pianinoçy Ýuriý Bogdanow Aşgabatda çykyş etdi
09.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy