Ispaniýanyň ikinji çempionlygy

Basketbol boýunça Hytaýda geçirilen Dünýä Kubogynda Ispaniýanyň ýygyndysy taryhyndaky 2-nji çempionlygyny gazandy.Matadorlar finalda Argentinanyň ýygyndysyny 95:75 hasabynda ýeňmegi başardy.Duşuşykda ispaniýaly Riki Rubio 20, Serhio Lull bolsa 15 utuk bilen toparynyň çempionlygyna uly goşant goşdy. Şunlukda, Ispaniýanyň ýygyndysy 2006-njy ýyldan soň, 2-nji gezek Dünýä Kubogyny eýeläp, olar ilkinji çempionlygyny hem Uzak Gündogaryň başga bir ýurdunda, ýagny Ýaponiýada geçirilen çempionatda gazanypdylar.1950-nji ýyldaky ilkinji çempionatda çempionlyk gazanan Argentinanyň ýygyndysy 3-nji gezek finalda oýnap, 2-nji sapar kümüş medala mynasyp boldy.

Tangoçylar mundan ozal, 2002-nji ýyldaky çempionatyň finalynda Ýugoslawiýanyň ýygyndysyndan asgyn gelipdi.Baýrakly 3-nji ýer ugrundaky duşuşykda Fransiýanyň ýygyndysy Awstraliýanyň milli toparyny 67:59 hasap bilen ýeňdi.

Bu olaryň yzly-yzyna gazanan 2-nji bürünç medaly boldy.Çempionatyň iň gymmatly oýunçysy diýlip, ispaniýaly Riki Rubio saýlandy.Bäsleşigiň simwolik ýygyndysyna-da Ispaniýadan Riki Rubio bilen Mark Gasol, Argentinadan Luis Skola, Fransiýadan Ewan Fornier hem-de Serbiýadan Bogdan Bogdanowiç alyndy.Çempionlygyň esasy dalaşgäri hasaplanýan ABŞ-nyň ýygyndysy çempionaty 7-nji hatarda tamamlady.

Bu görkeziji ABŞ-nyň Dünýä Kubogy ýaryşlaryndaky iň pes netijesi hökmünde hasaba alyndy.Olar 1970-nji, 1978-nji hem-de 2002-nji ýyllardan soň, 4-nji gezek öňdäki dörtlüge düşüp bilmediler.

NBA-nyň esasy ýyldyzlarynyň gatnaşmadyk çempionatynda ABŞ-nyň ýygyndysy çärýek finalda Fransiýadan asgyn gelipdi.1950-nji ýyldan bäri geçirilýän basketbol boýunça Dünýä Kubogynda ABŞ bilen ozalky Ýugoslawiýanyň ýygyndylary 5 gezek çempionlyk gazandy. Öňki Soýuzyň ýygyndysy 3, Braziliýadyr Ispaniýa 2 hem-de Argentina 1 sapar çempion diýen ady eýeledi.

Indiki çempionat hem Aziýada, hatda Uzak Gündogar ýurtlarynda, ýagny Filippinler, Ýaponiýa hem-de Indoneziýa döwletleriniň bilelikde guramagynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Yzly-yzyna 3-nji finaldan soň, 3-nji çempionlyk
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Filmlerde çagalary bilen surata düşen ýyldyz artistler
Peleden soň Gawi, Ispaniýa gol bolup ýagdy
Katar 2022-de 4-nji günüň duşuşyklary
Katar Ekwador: çempionatyň açylyş duşuşygy