Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite uçuşy amala aşyrar

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite uçuşy amala aşyrar

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 14-nji aprelde Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyrar.

Nobatdaky ýörite uçuş üçin petekleriň satuwy şu gün sagat 10:00-da Türkmenistan awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki edarasynda başlanar. Howa gatnawy üçin petekleriň bahasy 600 dollar. Ýolagçylar töleg baradaky anyk maglumatlary awiakompaniýanyň edarasyndan öwrenip bilerler.

Russiýa uçjak daşary ýurt raýatlarynyň ýanlarynda hökmany suratda 48 sagatlyk PSR-test barlagynyň negatiw netijenamasy bolmalydyr.

Ýörite uçuşdan peýdalanýan ýolagçylaryň soňky barmaly nokady Moskwa şäheri şäheri bolmadyk ýagdaýynda onda olar Russiýa boýunça üstaşyr petekleri S7 awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasyndan satyn alyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolynyň 174-nji jaýy, tel.: +993 12 21-05-93 / +993 64 03-37-03.

Ýene degişli makalalar

Paýtagtymyzdaky №70 belgili awtobus täze ugur boýunça hereket eder
70-nji “Awtokombinat Gurtly” awtobus ugry üýtgediler
Marynyň bankomatlarynda nagt pul tapdyrmaýar
Russiýa Federasiýasy Türkmenistandan ýene bir ýörite uçuşy amala aşyrar
Russiýa Federasiýasy Türkmenistandan ýörite uçar gatnawyny guraýar
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite uçuşyň senesini yglan etdi