Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite uçuşyň senesini yglan etdi

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite uçuşyň senesini yglan etdi

2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabat - Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawuny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada ilçihananyň Telegram sahypasynda habar berilýär. Nobatdaky uçar gatnawy Türkmenistan awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.

Uçar gatnawy üçin awiapetekleriň satuwy 7-nji aprelde sagat 10:00-dan başlap, Türkmenistan awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki hem-de welaýatlardaky bölümlerinde amala aşyrylar.

Ilçihananyň Telegram sahypasynda berilýän habarda ýörite uçar gatnawyndan peýdalanýan daşary ýurt raýatlaryndan Russiýa baranlarynda ýokanç keseliň ýoklugy hakyndaky soňky 48 sagadyň dowamynda alnan lukmançylyk barlagynyň netijesiniň bolmagynyň zerurdygy bellenilýär.

Moskwa uçmakçy bolýan ýolagçylaryň soňky duralgasy Moskwa şäheri bolmadyk ýagdaýynda, onda olar S7 awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasyndan özlerine gerekli gatnaw boýunça awiapetekleri satyn alyp bilerler.

Habarlaşmak üçin şu aşakda görkezilen salga ýüz tutup bilerler:

Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolynyň 174-nji jaýy.

Telefon belgileri: (+993 12) 21-05-93, (+993 64) 03-37-03.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda amala aşyrylýan Aşgabat - Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawlary 2022-nji ýylyň mart aýynda dört gezek, ýagny 9-njy, 14-nji, 18-nji we 25-nji martlarda ýerine ýetirildi.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Russiýa we beýleki ýurtlar bilen yzygiderli howa gatnawlary dünýäde ýüze çykan güýçli koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadyldy.

Ýene degişli makalalar

Marynyň bankomatlarynda nagt pul tapdyrmaýar
Russiýa Federasiýasy Türkmenistandan ýene bir ýörite uçuşy amala aşyrar
Russiýa Federasiýasy Türkmenistandan ýörite uçar gatnawyny guraýar
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite uçuşy amala aşyrar
Maryda ençeme bazar gaýtadan ýapyldy
Türkmenabatda iýul aýyndaky jemgyýetçilik kabul edişliginiň haçan geçiriljekdigi mälim edildi