Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Ukrainanyň Içeri işler ministriniň maslahatçysy Anton Geraşçenko Twitterden beren beýanatynda, Russiýanyň harby güýçleriniň Ukraina garşy ganatly raketalar bilen hüjüm gurandygyny belläp: "Şu gün irden Ukraina 40 rus ganatly raketa bilen hüjüm guraldy" diýip habar berdi.

Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko hem Telegram hasabyndan beren beýannamasynda: "Kiýewiň tankydy infrastrukturasyna garşy guralan hüjümleriň netijesinde paýtagtyň käbir ýerlerinde elektrik toklar kesildi. Käbir ýerlerde suw ýok. Ähli toparlar iş alyp barýar" diýip mälim etdi.

Ýurduň beýleki sebitlerine guralan hüjümleriň netijesinde hem esasan hem energetika we beýleki tankydy infrastrukturalara zyýan ýetendigi aýan edildi.

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä Zaparožýe, Kriwograd, Harkow we Odessa şäherlerinde hem partlamalaryň sesi eşidildi. Ukrainaly resmiler howa goranyş ulgamlarynyň işländigini habar berdiler.

Harkowyň häkimi Ihor Terekhow, şäheriň 2 aýry tankydy infrastrukturasynyň 2 raketa bilen nyşana alynyp hüjüm guralandygyny habar berdi.

Russiýa 8-nji oktýabrda Kerç köprüsinde bolan partlamanyň jogapkäriniň Kiýewdigini belläp, Ukraina garşy guraýan hüjümlerini artdyrypdy.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjümler başladypdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Kiýewe guran hüjümlerinde 4 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy
Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde üç adam ýogaldy
Russiýa Kiýewiň 2026-njy ýylda Moskwany her gün hüjümler bilen nyşana almaga dowam edýändigini aýtdy
Zelenskiý has köp howa goranyş ulgamyny talap edýär
Russiýa tarapyndan Harkowa guralan hüjümde birnäçe adam ýogaldy
Russiýanyň Ukrainadaky hüjümlerinde alty adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy
Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerinde bäş adam ýogaldy