Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Ukrainanyň Içeri işler ministri Igor Klimenko soňky 24 sagatda ýurduň 10 sebitinde 118 ýaşaýyş ýeriniň rus harby güýçleri tarapyndan hüjüme sezewar galandygyny belläp: "Bu ýylyň başyndan bäri hüjüme sezewar galan iň köp şäher we oba boldy" diýip habar berdi.

Ukrainanyň Içeri işler ministri Igor Klimenko sosial mediadan beren beýanatynda, rus harby birikmeleriň düýn gije Poltawa sebitiniň Kremençug şäherindäki nebit desgasyna hüjüm gurandygyna ünsleri çekip, ýangyn söndürijileriň nebiti gaýtadan işleýän zawotdaky ýangyny birnäçe sagat soň söndürip bilendigini, wakada ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolmandygyny mälim etdi.

Rus goşunynyň Harkow sebitiniň Kupýansk etrabynda hüjüm gurandygyny, Petropawlowka obasynda asuda ilatdan 1 adamyň ýogalandygyny aýdan Igor Klimenko: "Donetsk sebitindäki Piwdennyý obasynyň bombalanmagy netijesinde 1 adam ýogaldy"diýip habar berdi.

Klimenko ruslaryň Dnepropetrowsk sebitindäki Nikopol etrabyna artilleri bilen 3 aýry hüjümiň guralandygyny belläp, Russiýanyň düýn gije Herson sebitine guran hüjümlerinde 1 adamyň ýogalandygyny, 2 adamyň ýaralanandygyny aýan etdi.

Klimenko Russiýanyň Nikolaýew sebitine guran hüjümlerinde öýlere zyýan ýetendigini habar berdi.

Ukrainanyň Harby-howa güýçleri serkerdeliginden berilen beýanatda düýn gije Russiýanyň "Şahed" kysymly uçarmansyz howa ulagy we X-59 raketalaryny ulanyp, Ukrainanyň tankydy infrastrukturasyna we harby desgalaryna hüjüm gurandygy mälim edildi.

Beýanatda Ukrainanyň harby-howa güýçleriniň Russiýanyň düýn gije guran hüjümlerinde ulanan jemi 20 sany Şahed kysymly uçarmansyz howa ulagynyň 18-sini ýok edendigini, 1 sany X-59 raketasyny täsirsiz ýadgaýa getirendigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Ukrainanyň Odessa sebitine guran hüjüminde 3 adam ýogaldy
Ukraina: "Sekiz ilatly ýer azat edildi" diýdi
BAE: "Ilkinji ynsanperwer kömek kerweni Gazanyň demirgazygyna bardy" diýdi
Puşkiniň dirikä çap edilen eserleriniň ýygyndysy satuwa çykarylar
Mewlüt Çawuşogly ýene-de 172 raýatyň Ukrainadan ewakuasiýa edilendigini habar berdi
Türkiýeden Ukrainadaky türk raýatlaryna bildiriş