Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär

Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär

Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko Telegram hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň Kiýewiň Desniansky, Dniprowsky we Holosiýiwsky sebitlerine hüjüm gurandygyny habar berdi.

Halka gaçybatalgalarda galmak barada çagyryş beren Kliçko: "Metro hyzmatlary ähli ugurlar boýunça bes edildi. Ýerasty duralgalar gaçybatalga hökmünde hyzmat berýär. Howa hüjümleri bilen bagly duýduryşlar dowam edýär. Haýyş edýäris gaçybatalgalarda galyň" diýip belledi.

Kliçko: "Energiýa infrastrukturasyna zeper ýetmegi sebäpli paýtagtyň ähli ýerlerinde suwlar kesildi" diýip maglumat berdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Kiýewiň 2026-njy ýylda Moskwany her gün hüjümler bilen nyşana almaga dowam edýändigini aýtdy
Russiýanyň Kiýewe guran hüjümlerinde 4 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy
Zelenskiý has köp howa goranyş ulgamyny talap edýär
Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde üç adam ýogaldy
Russiýa Ukraina garşy giň gerimli ballistik raketa hüjümini amala aşyrdy
Ukraina Güne Partlamalar Bilen Oýandy