Ukraina Güne Partlamalar Bilen Oýandy

Ukraina Güne Partlamalar Bilen Oýandy

Ukrainanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ir ertir paýtagt Kiýew bilen birlikde Lwow we Dnepr şäherlerine hüjüm guralandygyny habar berdi.

Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko, şäher merkezindäki Şewçenkiwsk etrapçarynda yzly-yzyna partlamanyň bolandygyny habar berdi.

Kliçko, Telegramdan beren habarnamasynda “Şewçenkiwsk etrapçarynda paýtagtyň merkezinde birnäçe partlama boldy” diýdi.

Ukrainanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, paýtagtda 3 ýada 4 partlama boldy.

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginden berlen beýannamada bolsa “Kiýewe atylan raketalardan biri howpsyzlyk gullugynyň ýerleşýän köçesine düşdi. Prezident Wladimir Zelenskiýniň kabulhanasy hem şol zolakda ýerleşýär” diýildi.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý has köp howa goranyş ulgamyny talap edýär
Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde üç adam ýogaldy
Russiýa Kiýewiň 2026-njy ýylda Moskwany her gün hüjümler bilen nyşana almaga dowam edýändigini aýtdy
Russiýanyň Kiýewe guran hüjümlerinde 4 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Ukrainanyň paýtagty Kiýewde raketaly hüjümler guraldy