Russiýanyň Ukraina Hüjümleri Dowam Edýär

Russiýanyň Ukraina Hüjümleri Dowam Edýär

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat Sekretary Igor Konoşenkow Ukrainanyň Žitomir we Mykolaýew şäherlerindäki harby ýerleri “Kalibr” we “Oniks” ýokary ukyply raketalar bilen urandyklaryny beýan etdi.

Konaşenkow beren beýannamasynda düýn deňizden atylan ýokary ukyply ganatly raketalar “Kalibr” bilen Žitomir şäherindäki Wekilikiýe Korownitsi etrabyndaky Ukrainanyň goşunlaryna degişli ok-däri ammaryny hatardan çykarandyklaryny aýtdy.

Igor Konaşenkow; “Ýokary ukyply ganatly “Oniks” raketasy bilen Mykolaýewiň golaýyndaky ukrain goşunlaryny ýangyç bilen üpjün edýän ýangyç bazasyny ýok etdik” diýi..

Rus howa goranyş ulgamlarynyň Ukrainanyň harby ulçaryny we uçarmansyz howa ulaglaryny urup düşürendigini beýan eden Konaşenkow; “Wilnewoýe diýilýän ýerde 2 sany Su-25 we 1 sany Su-24 kysymly uçar bilen 6 sany uçarmansy howa ulagy urlup düşürildi. Bulardan başga bir sany Doçka-U raketa ulgamy Walisýewkada ýok edildi” diýdi.

Konaşenkow şu günki güne çenli Ukrainanyň goşunlaryna degişli 267 uçarmansyz howa ulagynyň, 207 howa goranyş ulgamynyň, 1,618 tankyň we sowutly ulagyň, 166 sany raketalaryň, 662 gaubisanyň we snarýadyň, 1,453 ýörite haby ulagyn hatardan çykarylandygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukraiandaky karar kabul ediş merkeziniň ýok edilendigini aýtdy
Russiýa Ukrainanyň Nowoselowskoýe şäherçesini gözegçiligi astyna aldy
Russiýa Ukrainaday Sowutly Ulaglaryň Durýan Ammarlaryny Urdy
Hakan Fidan bosniýaly kärdeşi Konakowiç bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Igor Konaşenkow Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi
Konaşenkow Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi
Tussaghana Guralan Hüjümde Ýogalanlaryň Sany Artdy