" Ukrain Goşunyna Zarba Urmaga Dowam Edýäris"

" Ukrain Goşunyna Zarba Urmaga Dowam Edýäris"

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Igor Konaşenkow, söweşiň başlan gününden bäri Ukrain goşunyna degişli 4 müň tank bilen sowutly ulagyň ýok edilendigini aýtdy.

Igor Konaşenkow, rus harby güýçleriniň 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşinde ýeten sepgidi hakynda maglumat berdi.

Konaşenkow, rus goşunynyň ukrain goşunyna zarba urmaga dowam edýändigini ýatlatdy.

Herson sebitinde ukrainaly 40 esgeriň öldürlendigini we 10 ulagyň hatardan çykarlandygyny aýdan Konaşenkow, Doneske guralan ýaragly hüjümde 3 müňden gowrak topuň hatardan çykarlandygyny, 30 esgeriň öldürlendigini ýatlatdy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Igor Konaşenkow, soňky 24 sagatda 9 dolanşyk merkeziniň, 9 ammaryň we 4 uçarmansyz howa ulagynyň hatardan çykarlandygyny belledi.

Konaşenkow “Ukrainada şu günki güne çenli 267 uçar, 148 dik uçar, 1747 uçarmansyz howa ulagy, 365 howa goranyş ulgamy, 4 müň 334 tank we sowutly ulag, 799 raketa ulgamy, 3 müň 310 gaubisa we minomýot we 4 müň 922 harby ulag hatardan çykaryldy.

Ýene degişli makalalar

16 duşuşyk 48 gol
Makeýewkanyň Golaýynda 63 Rus Esgeri Ýogaldy
Russiýa Ukraiandaky karar kabul ediş merkeziniň ýok edilendigini aýtdy
Russiýa Ukrainanyň Nowoselowskoýe şäherçesini gözegçiligi astyna aldy
Hakan Fidan bosniýaly kärdeşi Konakowiç bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Konaşenkow Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi
Tussaghana Guralan Hüjümde Ýogalanlaryň Sany Artdy