Rustam Minnihanow Arkadag şäherine baryp gördi

Rustam Minnihanow Arkadag şäherine baryp gördi

Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherine baryp gördi. Tatarystanyň Baştutany ekologiýa, durmuş düzümine we binagärlik keşbine bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda gurlan ýurduň taryhyndaky ilkinji akylly şäheriň medeni merkezleri, ajaýyp ýerleri bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Belent mertebeli myhman täze şäheriň ajaýyp binagärligine, ýerli gözel tebigat bilen sazlaşyk döreden binalaryň we desgalaryň özboluşlylygyna haýran galýandygyny aýtdy. Bu şäher okgunly ösýän, döredijiligiň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistanyň täsin bezegine öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYGY
Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞDY
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara foruma gatnaşandyklary üçin dünýä Liderlerine minnetdarlyk bildirdi
Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri sylaglanar
Türkmenistanyň Prezidenti BRICS sammitine gatnaşmak üçin Kazana bardy