"Rysgal" banky Owerdraft hyzmatyny hödürleýär

"Rysgal" banky Owerdraft hyzmatyny hödürleýär

"Rysgal" paýdarlar täjirçilik banky öz müşderileriniň aýlyk zähmet hakynyň 50 göterimi möçberinde "Owerdraft karty" arkaly gysga möhletli karzlaryny hödürleýär.

"Rysgal" gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, karzyň möhleti 6 aýa çenli möhlet we ýyllyk 12 göterim bilen berilýär.

Şunda müşderiniň hasabyna serişde gelip gowşanda, bellenen tertipde karz gaýtarylýar. Şeýle-de, degişli şertnamanyň hereket edýän döwründe karz gaýtarylandan soňra, goşmaça şertnama baglaşmazdan, karzy ulanmak mümkinçiligi döreýär.

"Rysgal" banky häzirki wagtda Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek ugrunda hem uly işleri durmuşa geçirýär. Bu babatda "Rysgal" PTB ýurtda bank ulgamynyň arasynda ilkinji bolup, Internet arkaly menzilara tölegleri geçirmek üçin “Internet-banking” ulgamyny we QR-kod arkaly tölegleriň çalt hasaplaşylýan ulgamyny işe girizdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda “Rysgal” bankyň taýýarlan “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlary ulanyşa giriziler
01.01.2021 | Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek: ýylyň gazananlary hem-de geljek ýyl üçin wezipeler
Sanly ykdysadyýet ösüşiň innowasion ýoly
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Mergen Orazow futbol boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýolbaşçylygyna bellendi, kosmos ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy, Demirýollary otly peteklerini satyn almak üçin täze ykjam programmasyny işe girizdi we beýleki habarlar