S.Berdimuhamedow howpsuzlyk Geňeşiniň IIM-den beýleki ähli agzalaryny galdyrdy we howpsuzlyk meseleleri boýunça wise-premýer wezpesini ýatyrdy

S.Berdimuhamedow howpsuzlyk Geňeşiniň IIM-den beýleki ähli agzalaryny galdyrdy we howpsuzlyk meseleleri boýunça wise-premýer wezpesini ýatyrdy

Serdar Berdimuhamedow prezident saýlanandan soňra 6-njy aprelde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ilkinji mejlisini geçirdi we güýç edaralarynyň ýolbaşçylaryny täzeden belledi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.

Mundan owal kiçi Berdimuhamedowyň nygtamagyna görä, ýurdyň Esasy Kanuna laýyklykda, baş prokuror, Ýokary kazyýetiň başlygy, iim we adalat ministr Milli Geňeşiň Halk Maslahaty (parlamentiň ýokarky öýi, oňa öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär) bilen ylalaşyp bellenýär.

TDH-niň maglumatyna görä, olar Milli Geňeşiň Halk Maslahaty bilen ylalaşylyp bellendi.

IIM wezipesinden boşadyldy. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň beýleki agzalary wezipelerinde galdylar.Olar

-goranmak ministr Begenç Gündogdyýew:

-Baş prokuror Batyr Atdaýew:

-Ýokary kazyýetiň başlygy Guwançmyrat Ussanepesow:

-Milli howpsuzlyk ministr Gurbanmyrat Annaýew:

-Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ýazgeldi Nuryýew:

-Adalat ministr Merettagan Taganow:

-Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew:

-Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Nazar Atagareýew:

Ýolbaşçylar wezipä bellenenden soňra öz edaralarynyň şu ýylyň üç aýdaky işleri barasynda hasabat berdiler.

Howpsuzlyk meseleleri boýunça wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Çarymyrat Amanowyň hasabatyndan soňra prezident onuň raýatlaryň hukuklaryny goramak, howpsuzlygy ösdürmek,tertip düzgüni ýola goýmak boýunça köp işler edendigini aýdyp,onuň wezipesini ýatyrdy.

TDH habaryna laýyklykda, Amanow “başga işe geçýändigi sebäpli” Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinden boşadyldy.

Onuň ýerine goranmak ministr Begenç Gündogdyýew bellendi.

Howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça wise-premýer wezipesi 2020-nji ýylyň ýanwarynda döredilipdi. Şondan bäri oňa IIM institutynyň öňki rektory Amanow ýolbaşçylyk edipdi.

Bu wezipäniň nämeüçin ýatyrylandygy anyklaşdyrylmaýar.The post S.Berdimuhamedow howpsuzlyk Geňeşiniň IIM-den beýleki ähli agzalaryny galdyrdy we howpsuzlyk meseleleri boýunça wise-premýer wezpesini ýatyrdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

S.Berdimuhamedow Howpsuzlyk geňeşinde iki käýinç yglan etdi we baş prokurory belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli wezipelere bellemek we sylaglamak
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
27.01.2021 | Watan goragçylarynyň güni mynasybetli wezipelere bellemek we sylaglamak
Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny sylaglady