Sadakalar üçin çadyrlaryň kireýiniň bahasy Aşgabatda gymmatlady

Sadakalar üçin çadyrlaryň kireýiniň bahasy Aşgabatda gymmatlady

Soňky günlerde jynazalaryň we sadakalaryň köpelmegi netijesinde olar üçin çadyrlaryň kireýi gymmatlady.

Çadyrlary bir günligine kireýine almak 1400 manatdan 1600 manada çykdy diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

“Biz kakamyzy halas etmek üçin där-dermanlara we lukmanlaryň hyzmatyna ummasyz pul harçladyk. Çadyrlary kireýine almagyň bahasynyň gymmatlandygy üçin jynaza hem arzan düşmedi. Indi kakamyň üçi, ýedisi we kyrky hem bar” diýip 11-nji ýaşaýyş etrapçasynyň ýaşaýjysy zeýrenýär.

Häkimligiň sadakalary sagat 15-e çenli tamamlamagy talap edýändigine garamazdan, şirketler çadyrlaryň kireýini günlik alýarlar.

Şu günler çadyrlar kireýine alynýan baýramçylyk dabaralary, toýlar we ýaş toýlary geçirmek gadagan. Emma, çadyrlaryň eýeleri talabyň az dälde, tersine,artandygyny aýdýarlar.

“Käte çadyrlary bir ýerde düzmek, başga ýere geçirmek we ýygnamak üçin goşmaça işçi almaly bolýar” diýip talap ösen işi edýän şirketleriň biriniň işgäri aýdýar.

“Türkmen.news” neşiriniň ýazmagyna görä, tabydyň nyrhy hem galdy. Käbir maşgalalaryň ýönekeýje jynazany geçirmäge puly ýetmeýär.

Covid-19-iň üçünji akymy netijesinde, ilat arasynda ölüm artdy.

25-nji awgustda Aşgabatda dükanlar we kafeler ýapyldy.

27-nji awgustda bolsa, “Awaza” syýahat zolagda dynç alýanlary polisiýa çykardy we ony syýahatçylar üçin ýapdy.

“Azatlyk” radiosynyň habaryna görä, paýtagtdaky keselhanalaryň doly bolandygy üçin Covid-19-a ýoluganlary Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky täze hassahana ýollaýarlar.The post Sadakalar üçin çadyrlaryň kireýiniň bahasy Aşgabatda gymmatlady first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Ak Ýol dabaralar zaly sadakalary guramak boýunça hyzmatlaryny hödürleýär
Aşgabatdaky Ak Ýol dabaralar zaly sadaka bermek üçin çadyrlary kärendesine hödürleýär
Balkanda prezidentiň enesini hatyralap, ýerli ýaşaýjylaryň hasabyna  anna agşamlary’ berilýär
Balkanda ýene bir hassahana diňe koronawirus näsaglaryny kabul edip başlady
Ýol ulag heläkçiliginde ölen harbylaryň sany 30 adamdan geçýär
Türkmenistanda ýol hadysasynda ölen harby gullukçylaryň sany 30-dan aşdy